Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzy durmuş- ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň ählisi ylmyň gazananlaryna, dünýä tejribesine esaslanylyp alnyp barylýar. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, saýlaw ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolunmagy üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki gün demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaş-dyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny emele getirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň depgini yzygiderli artýar. Çünki saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly iň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir.
Saýlawlaryň guramaçylyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen degişli saýlawlaryň geçiriljek senesi bellenilenden soň, Merkezi saýlaw topary öz mejlisinde karar kabul edýär we saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary olaryň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna azyndan üç aý galanda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bellenilýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary öz mejlisinde ýokarda agzalan saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli azyndan ýetmiş gün galanda saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edýär. Şeýle-de, saýlaw möwsüminiň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklaýar. Şondan soň saýlaw möwsüminiň guramaçylyk işlerine doly derejede girişilip başlanylýar.
Saýlaw möwsümi, munuň özi kanunçylykda bellenilen tertipde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak möhletidir.
Elbetde, saýlaw möwsümi saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek bilen bagly birnäçe tapgyrlary öz içine alýar. Has anygy, meýilnama laýyklykda, milli hem-de halkara synçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellige almak, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak, olaryň ynanylan adamlaryny bellige almak, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek, saýlaw uçastoklaryny döretmek, olary enjamlaşdyrmak, ses bermegi geçirmek, onuň netijelerini jemlemek hem-de yglan etmek ýaly köp sanly çäreleri öz içine alýar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary şu işleriň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, saýlawlara taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine, saýlaw toparlarynyň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynyň birmeňzeş ulanylmagyny üpjün edýär, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kararlary kabul edýär, saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek meseleleri boýunça düşündirişleri berýär.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda geçirilýän her bir saýlawlarda, saýlaw möwsüminiň dowamynda dalaşgärleri hödürlemek erkin, deňhukukly, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, döwletiň her bir raýatynyň öňünde jogapkärdigi we onuň hukuklaryny goraýandygy şertlendirilendir. Diýmek, saýlawlar hem biziň jemgyýetçilik durmuşymyzda raýatlaryň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olaryň saýlaw hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen çäredir. Raýatlaryň saýlaw hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bolsa, saýlaw möwsüminiň jogapkärçiligidir.
Saýlaw möwsüminiň jogapkärçiligi diýip, saýlaw möwsüminiň yglan edilen gününden başlap, tä saýlawlaryň netijeleri resmi taýdan yglan edilýänçä, saýlawlara taýýarlyk işleriniň, ses berlişiniň, sesleriň sanalyşynyň we beýleki ähli çäreleriň kanunalaýyk ýerine ýetirilmegi bilen bagly bolan jogapkärçilikli işlere düşünilýär.
Häzirki täze taryhy döwürde Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmek we ony demokratik ýörelgelere esaslanyp, has-da baýlaşdyrmak bilen bagly ençeme işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň saýlaw ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek barada beren tabşyrygy esasynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bilelikde taýýarlanylan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem munuň şeýledigini äşgär edýär. Çünki, bu kanun saýlaw möwsüminiň geljekde-de halkara kadalaryna laýyklykda guralmagynda hem-de onuň hukuk binýadynyň berkidilmeginde, kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar.
Ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.