TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HALK MASLAHATY – AGZYBIRLIK SÜTÜNI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir hem jebis türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagy ugrunda beýik işlere badalga berilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Kabul ediljek döwletli çözgütler halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda, Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar. 

Şu günler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde we duşuşyklarda bagtyýar raýatlarymyzyň Diýarymyzyň geljekki ösüşlerini kesgitlejek bu uly waka sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary beýan edilýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerini nazarlaýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem esasy wezipeleri halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendir» diýip nygtaýar. Milli Liderimiziň bu dürdäne sözleri Halk Maslahatynyň işiniň ähmiýetiniň örän uludygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Halk bilen häkimiýet mizemez jebislige eýe bolan ýagdaýynda bolsa ýetilmejek menzil, gazanylmajak sepgit ýokdur.

Aslyýetinde, halk häkimiýetlilik taglymaty hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen pähim-parasatly şygarynda hem öz mynasyp beýanyny tapýar.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen halk pähimine hem-de ata-babalarymyzyň taryhy tejribesine esaslanyp geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýurdumyzy ösüşlere beslemekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi demokratik, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, raýatyň kanun öňünde deňligi, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hormatlamak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak kadalaryna esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barha giň gerim alýar. Ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler geçirilýär. 

Ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem il-ýurt bähbitli täze-täze çözgütler öz beýanyny tapyp, ol türkmen demokratiýasynyň nobatdaky gezek dabaralanmasy bolar. Halk Maslahaty halkymyzyň milli demokratiýasydyr, asylly ýörelgeleriň rowaçlygydyr. Şonuň üçin hem bu umumymilli forum halkymyzda uly buýsanç döredýär, uly üstünliklere ruhlandyrýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – berkararlyk toýy gutly-mübärek bolsun, eziz watandaşlar!

 

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.