Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan saýlaw ulgamyna aýratyn uly üns we ýardam berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen döwletiniň, milli jemgyýetiň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirip, milli demokratiýany çuňlaşdyrmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, halkymyzyň syýasy işjeňligini artdyrmak ugrundaky we saýlaw ulgamynyň işiniň ösdürilmegine, bu ugurda dünýä tejribesiniň giňeldilmegine ýardam berjek çäreleri işläp düzeris» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçmegi diýseň buýsandyryjydyr.
Ýurdumyzda saýlawlar erkin, demokratik ýol bilen, bäsleşik esasynda geçirilýär. Geçirilýän islendik saýlawlarda mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy saýlawlaryň esasy maksady bolup durýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanda saýlaw möwsüminde dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişli bolup durýar, şunda:
– Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine;
– saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna;
– saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda ýurdumyzyň syýasy partiýalary:
– Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri özleriniň gurultaýlarynda;
– Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri özleriniň merkezi, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher guramalarynyň mejlislerinde (gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda);
– welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri welaýat, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher guramalarynyň mejlislerinde;
– Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri etrap, etrap hukukly şäher guramalarynyň mejlislerinde, ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda hödürleýärler.
Raýatlaryň toparlary tarapyndan hem dalaşgärleri hödürlemegiň öz düzgünleri bar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilende ol saýlawçylaryň azyndan on müňüsiniň goly bilen gollanylmalydyr. Gollary ýygnamak hödürlenilýän dalaşgäriň teklipçi topary tarapyndan guralýar we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan bir ýüzüsi, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna bolsa degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.
Her bir saýlawçy raýatlaryň toparynyň diňe bir ýygnagyna gatnaşyp biler, bu düzgün şol bir derejedäki wekilçilikli edara agzalyga dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän ýygnaklara degişlidir. Ýygnaga gatnaşýanlar bellige alynmaga degişlidir, bellige alyş sanawynda her bir saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri görkezilýär. Her bir saýlawçy bellige alyş sanawynda gol çekýär.
Dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän mejlise, ýygnaga gatnaşýanlaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärler degişli saýlaw toparlarynda bellige alynýar. Bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.
Dalaşgär haýsydyr bir saýlaw toparynyň düzümine girýän bolsa, bellige alnan pursadyndan başlap onuň topardaky ygtyýarlyklary togtadylýar ýa-da synçy bolsa, ol bellige alnan pursadyndan toparyň düzüminden çykarylan ýa-da synçynyň ygtyýarlyklary bes edilen diýlip hasap edilýär.
Dalaşgärleri hödürlemegiň möhleti tamamlanandan soň dalaşgärler çykyp giden halatynda ýa-da saýlaw okrugynda diňe bir dalaşgär galan bolsa, degişli saýlaw topary Saýlaw kodeksiniň 50-nji maddasyna laýyklykda, täze dalaşgärleri hödürlemek teklibi bilen syýasy partiýalaryň guramalaryna, şeýle hem okrugyň saýlawçylaryna ýüzlenýär.
Dalaşgärler saýlawlara ýigrimi günden az wagt galanda çykyp gidende, degişli saýlaw okrugynda saýlawlar bellenilen saýlawlardan soň iki aý möhletde geçirilýär.
Çykyp giden dalaşgärleriň ýerine dalaşgärleri hödürlemek Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde bellenilen tertipde geçirilýär.
Saýlawlaryň guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde syýasy partiýalaryň hem-de raýatlar toparlarynyň aýratyn ähmiýetli orny bardyr. Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň köp partiýalylyk esasynda geçirilmegi, ýagny saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, şeýle hem raýatlaryň toparlarynyň gatnaşmagy saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda, açyklykda we aýanlykda, giň bäsleşik esasynda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändigini görkezýär we ýurdumyzda demokratiýanyň we halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.