TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HALK HAKYDASY BAKY DOWAMATDYR

Ata Watanymyzyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen gerçeklerini, şehitlerini, öten-geçenlerini ýatlamak, olaryň ruhlarynyň şat bolmagy üçin aýat-doga okamak, sadaka bermek agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleriniň, kämillik mekdebinde sünnälenen däp-dessurlarynyň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uly aladalary bilen şeýle däplerimiz mazmun taýdan has-da kämilleşýär. Watansöýüji, il-güne, mukaddes topraga wepaly, ruhy-ahlak taýdan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle däplerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda hem durmuşymyzyň mizemez ýörelgesidir.

Parahatçylygyň Watany bolan eziz diýarymyzda, milli senenamamyza laýyklykda, her ýylyň 6-njy oktýabrynda mähriban halkymyz taryhda ebedi yz galdyran Gökdepe galasyndaky söweşde, Beýik Watançylyk urşundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlarymyzy hem-de 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gijedäki elhenç tebigy betbagtçylykda – Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzy, gurban bolan ildeşlerimizi ýatlap, olaryň hatyrasyny tutýar.

 Il içinde «Öli aýatdan doýmaz, diri – hezzetden» diýilýär. Hawa, öten-geçenleri hatyralamak, olary haýyr-dogada ýatlamak halkymyzyň gadymdan gelýän ýagşy däpleriniň biridir. Bu babatda, meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň goşgularynyň birinde: «Ölüsini sylamak diriniň däbi, köşek» diýen parasatly setirleri hem bar.

Mälim bolşy ýaly, Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilýär, Watanyň azatlygy ugrundaky söweşlerde hem-de ýaşulular aýtmyşlaýyn, «kyrk sekiziň şol pajygaly gijesinde» gurban bolan ildeşlerimiz ýatlanyp, öý-ojaklarda sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär.

Toplumdaky 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligi, Beýik Watançylyk urşundaky söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleri halkymyzyň gahrymançylykly taryhyny şöhlelendirýär. 

Halk hakydasy taryhyň gatlaryna siňen beýik ýeňişleriň, uly ösüşleriň, merdana pederlerimiziň gahrymançylygynyň şöhlelenmesidir. Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň biri bolan Aşgabat ýertitremesinden bäri 77 ýyl geçse-de, bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde baky ýaşaýar.

Ýeri gelende aýtsak, 1941–1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde türkmen topragynyň merdana ogullary bilen birlikde edermenlik görkezip, pajygaly gijede ömür tanapy kesilen türkmeniň merdana ogly, edermen esger, ajaýyp mugallym, ilhalar ynsan — Gahryman Arkadagymyzyň atasy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewi aýratyn hormat bilen ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýiti parasatlylyk bilen şeýle diýýär: «Merhumlary hatyralamak ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik däbidir, ol asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap öňe gitmäge ýardam berýär». Şoňa görä-de, watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, urşuň yzysüre ykbal türkmen halkyny ýene bir agyr synagdan geçirdi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, gije 1 sagat 12 minutda Aşgabatda bolan ýer titremesi watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesdi, gözel Aşgabady ýer bilen ýegsan etdi. Bu ýitgi diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň däl-de, tutuş türkmen halkynyň agyr ýitgisi, hasraty boldy. Şol ýyllarda iň ýönekeý ýaşaýyş-durmuş şertlerinden kesilen hem bolsa, Aşgabatlylar öz şäherlerini taşlap gitmändirler, mähriban şäherlerini dikeltmek işlerine ýürekden we göwün islegleri bilen janypkeşlik bilen goşulypdyrlar. Yhlasly çekilen zähmetiň netijesinde gysga wagtda şäherde ýaşaýyş täzeden janlanyp başlaýar. Iki günüň içinde demirýol gatnawy we bir aýyň dowamynda senagat önümçiligi ýola goýlupdyr. Aşgabady dikeltmegiň baş meýilnamasy işlenip düzülipdir, şäherde täze görnüşdäki jaýlar gurlup başlanypdyr.

Halkymyz öz taryhynyň agyr synaglaryndan üstünlikli geçip, mähriban Aşgabadymyzy gaýtadan dikeltdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda dünýäniň iň täsin paýtagtlarynyň birine öwrülen, «Aziýanyň merjeni» diýen ada eýe bolan ak mermerli Aşgabadymyz Milli Liderimiziň başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmegi bilen ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy.

Hatyra gününde öten-geçenlerimiziň, gahrymanlarymyzyň, şehitlerimiziň hormatyna il agzybirliginde beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler, ediljek ýagşy doga-dilegler beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ynsanperwer maksat-tutumlara beslenen ak ýollaryndan nurana geljege ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, taryhy tutumlary hemişe üstünliklere beslensin!

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.