Mukaddes ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ulgamlarda, şol sanda saýlaw ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Bu üstünlikler bizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyna düşünip, ata-baba gelýän ýol-ýörelgelerimizden ugur alyp, halal işlemäge ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň ösüşinde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sanly ulgam döwrebap ösüşleriň tizligini üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň uly ähmiýete eýediginden habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Bu Kanun VI bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, ol ýurdumyzyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem ýöretmegiň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Kanunyň esasy wezipeleri bolsa, saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hasaba alynmagyny guramakdan we ony ýöretmekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden ybarat bolup durýar.
Bu Kanunyň kabul edilmegi «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, saýlaw ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrar. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Sanly ulgamyň ösdürilmegi we onuň durmuşymyza ornaşdyrylmagy işlerimizi ýeňilleşdirýär. Innowasiýa we sanlaşdyrmak ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde bir-biriniň üstüni ýetirýän wajyp görkezijiler hem zerurlyklar hökmünde çykyş edýär. Sanlaşdyrmak wezipesiniň amal edilmeginde, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sanlaşdyrylmagyna, programma üpjünçiliginiň döredilmegine, özleşdirilmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik durmuşynda elektron resminamalaryň dolanyşygynyň girizilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi, sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýetden başlap, hyzmatlar ulgamyna çenli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň tiz, amatly we döwrebap usulyny hödürleýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna innowasion we sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna, elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty döretmek ýaly wajyp wezipeleri anyk, aýdyň maksatlary nazarlaýar.
Sanly ulgamyň işini kadalaşdyrmagyň çäklerinde, 2020-nji ýylyň 14-nji martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp amala aşyrylýan işler giň gerime eýe bolýar. Hususan-da, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda içki elektron maglumat alyşmak ulgamy, beýleki edaralardyr hem-de welaýatlar bilen maglumat alyş-çalşygynyň ýola goýulmagy bilen, onlaýn tertibinde wideo maslahatlary geçirmäge mümkinçilik berýän ulgam ornaşdyryldy.
Merkezi saýlaw toparynyň «saylav.gov.tm» resmi web-saýtynyň hereket etmegi munuň aýdyň görkezijisidir. Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleriniň arasynda elektron maglumatlary alyşmak üçin öz içki torlarymyz hem döredildi. Sanly ulgamyň esasy usuly internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmakdyr.
Sanly ulgamy kämilleşdirmegiň milli we halkara tejribeleri yzygiderli öwrenilip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri tarapyndan edaranyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak babatynda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna, şol sanda saýlaw ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda nusgalyk çäreleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent, aýdyň maksatly tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Annadursun Meskutowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.