Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saýlaw ulgamynyň işi hem döwrebap derejede ösdürilýär.
Saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara, demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukuklary demokratik ýörelgelere laýyklykda üpjün edilýär.
Saýlaw möwsüminde alnyp barylýan işler innowasion – sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly yzygiderli kämilleşdirilýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda sözlän sözünde «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Bu Kanun VI bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy, saýlawlaryň ýa-da sala salşyklaryň geçirilýän möhletlerine garamazdan, hemişelik hereket etmek bilen, onuň maglumat gory döwürleýin her ýarymýyllykda täzelenýär.
Döwlet sanawy saýlawçylar baradaky Kanunda göz öňünde tutulan maglumatlary öz içine alýan, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenilen, saýlawçylaryň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilýän merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamydyr.
Döwlet sanawynyň esasy wezipeleri:
– Saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň hasaba alynmagyny guramak we ony ýöretmek;
– Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmek bolup durýar.
Kanunyň käbir maddalarynda şu aşakdaky düşünjeler (adalgalar) ulanylýar:
Döwlet sanawynyň maglumat gory − elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, saýlawçylar baradaky maglumatlaryň Döwlet sanawyna doly girizilmeginiň, olaryň dogrulygynyň, saklanylmagynyň, ýöredilmeginiň bitewi görnüşde alnyp barylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen merkezleşdirilen maglumatlaryň jemi;
maglumatlary saklamak – Döwlet sanawynyň maglumat gorundaky, saýlawçylar baradaky doly we dogry maglumatlary öz içine alýan − maglumat-kommunikasion tehnologiýalar, tehniki serişdeleriň ulgamy arkaly Kanunda göz öňünde tutulan tertipde bitewi görnüşde alnyp barylmagy;
gaýtadan işlemek – Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň täzelenip durulmagy – Kanunda bellenilen möhletlerde we tertipde Döwlet sanawynyň maglumat goruna döwürleýin (her ýarymýyllykda täzelenip durulmagy) ýa-da goşmaça maglumatlaryň girizilmegini (ýazgylary girizmek ýa-da aýyrmak, şahsy maglumatlary üýtgetmek ýa-da anyklamak) üpjün etmeklik;
Döwlet sanawynyň maglumat gorundan peýdalanmak – Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlardan diňe şu maksatlar üçin peýdalanylyp bilinýär:
– saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň deslapky sanawlaryny düzmek;
– saýlawçylaryň deslapky sanawlaryny anyklamak we saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň gutarnykly (takyklanan) sanawlaryny düzmek;
– degişlilikde çäkdäki saýlawçylaryň san düzümi barada statistik maglumatlary bermek;
– saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller ýa-da degişli saýlawlar boýunça dalaşgärler hödürlenilende, milli synçylar bellenilende ýygnaklara gatnaşan Türkmenistanyň raýatlarynyň maglumatlarynyň takyklygyny barlamak;
saýlawçynyň şahsy maglumatlary – saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, doglan ýeri, jynsy, milleti baradaky maglumatlar;
saýlawçynyň saýlaw salgysy − saýlawçynyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň (ýazga alnan) ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeriniň (bellige alnan) salgysy baradaky maglumatlar;
Saýlawçynyň ses berýän ýerini we şertlerini kesgitleýän şahsy maglumatlary - saýlawçynyň degişli bolan saýlaw uçastogynyň belgisi, saýlawçynyň ses berilýän jaýa esasly sebäbe görä (saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça) özbaşdak gelip bilmeýändigi baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Şeýle-de, Kanunda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar – Döwlet sanawyny dolandyryjy;
Etraplarda, etrap hukukly şäherlerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň – häkimligiň ýanynda döredilýän ýörite toparlar bolsa – Döwlet sanawyny ýöredijiler diýlip kesgitlenilýär.
Döwlet sanawyny dolandyryjy – Döwlet sanawyny döretmek we ýöretmek işinde Kanunyň talaplarynyň berjaý edilmegine, maglumat gorunyň bitewüligine, Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlarynyň dolulygyna we dogrulygyna gözegçilik edýär.
Döwlet sanawyny ýöredijiler – öz ygtyýarlyklaryny degişli etrabyň, etrap hukukly şäheriň çäginde amala aşyrýarlar hem-de Kanunda we Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan bellenilen tertipde Döwlet sanawynyň ýöredilmegini üpjün edýärler.
«Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň esasy maksady, saýlaw ulgamynyň işinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk şertlerinde, ählumumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyna gönükdirilendir.
Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň täze taryhy döwründe, ýurdumyzda täze gadamlar bilen geçiriljek saýlawlar türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgeleriniň dabaralanmasyna öwrüler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, eziz Diýarymyzda geçirilýän saýlawlaryň nusgalyk derejä çykarylmagy, saýlaw ulgamynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda nusgalyk çäreleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Amangeldi Annadurdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kätibi.