TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWÇYLARY HASABA ALMAGYŇ ESASY ÝÖRELGELERI

Saýlawçylary hasaba almagyň esasy maksady, raýatlaryň saýlawlarda ses bermäge gatnaşmagyny üpjün etmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden, hiç bir adamy unutmazdan, saýlawçylaryň sanawyna saýlaw hukukly raýatlaryň hemmesini – 100 göterimini girizmekden ybaratdyr. Bu işleriň guramaçylykly we talabalaýyk amala aşyrylmagy bolsa, saýlawlaryň demokratik şertlerde geçirilmegini üpjün edýär.

Saýlawçylary ýaşaýan ýeri boýunça hasaba almak işlerinde saýlaw hukukly raýatlar baradaky maglumatlar onuň pasporty esasynda örän anyk, dogry ýazylmalydyr. Munuň özi Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň talabalaýyk döredilmegi, ýöredilmegi we dolandyrylmagy üçin wajypdyr hem-de ähmiýetlidir.

Ses bermek üçin ulanylýan saýlawçylaryň sanawlary raýatlaryň soňky ýagdaýdaky maglumatlaryna gabat gelmelidir.

Saýlawçylaryň sanawyny düzmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň degişli maddalary we «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny hem-de degişli Tertipnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

Aslyýetinde, anyklyk – saýlawçylaryň sanawlaryndaky ähli maglumatlaryň hakykylygyny we dogrudygyny üpjün etmegi aňladýar. Adatça anyklygy üpjün etmek üçin aşakdaky işler we amallar giňden ulanylýar:

– hasaba alynýan saýlawçynyň şahsyýetiniň hakykatdan hem hut özüne degişlidigine doly göz ýetirmek;

– saýlawçynyň saýlaw salgysynyň hakykatdan hem bardygyna we şol adamyň saýlaw salgysynda ýaşaýandygyna göz ýetirmek;

– ozal hasaba alnan we saýlaw salgysy üýtgän saýlawçylaryň täze (häzirki) saýlaw salgysyny saýlawçylaryň sanawyna girizmek;

– saýlawçylaryň sanawyndan gaýtalanýan şahsy maglumatlary (dublikatlary) aýyrmak;

– ölen, nam-nyşansyz giden ýa-da Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza çäresini çekýän, kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen we beýleki sebäplere görä saýlaw hukugy bolmadyk adamlary saýlawçylaryň sanawyndan aýyrmak (şunda bu işler degişli döwlet edaralaryndan gelip gowşan resminamalar esasynda amala aşyrylýar);

– hasaba alynmak ýa-da şahsy maglumatlaryny üýtgetmek maksady bilen ýüz tutan adamyň ähli zerur bolan doly we dogry maglumatlary berendigine göz ýetirmek.

Halkara tejribelerinde saýlawçylaryň sanawyna üýtgetmeleriň ählisiniň öz wagtynda girizilmegini üpjün etmegiň dürli usullary bardyr. Has takygy, degişli döwlet edaralarynyň resmi maglumatlary esasynda Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyna el bilen üýtgetmeleri girizmek. Ýa-da Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyna degişli döwlet edaralarynyň internet tor ulgamy arkaly birikmegi we ýörite programma üpjünçiliginiň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, maglumatlaryň awtomatiki usulda öz-özünden üýtgäp durmagy, mysal üçin, saýlaw hukugy bolmadyk adamlaryň saýlawçylaryň sanawyndan awtomatiki usulda öz-özünden aýrylmagy ýa-da saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlaryň awtomatiki usulda öz-özünden saýlawçylaryň sanawyna goşulmagy ýaly usullardyr.

Adatça, saýlaw uçastogy boýunça saýlawçylaryň sany ýyl-ýyldan köpelmek häsiýetine eýedir. Ýöne, käbir halatlarda saýlawçylaryň sany ozalkysyndan azalyp hem biler.

Saýlawçylary hasaba almagyň tertibi her döwletiň öz kanunçylygyna laýyklykda dürli-dürlüdir. Käbir döwletlerde saýlaw möwsüminde saýlawçylary hasaba almagyň soňky senesi kesgitlenilýär we şondan soň saýlawçylaryň sanawy ýapylyp, oňa hiç kim girizilmeýär ýa-da aýratyn halatlarda, kazyýetiň çözgüdi bilen girizilýär. Şeýle-de, käbir döwletlerde bolsa saýlawlar güni hem girizilýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň halkara bilermenleri bolsa, saýlawçylaryň sanawyny ýapmagyň bellenen möhletiniň kanunçylyga girizilmeginiň mümkindigini, şunda goşmaça ýazgylaryň girizilmegine diňe anyk kesgitlenen kanunçylyk talaplaryna laýyklykda we kazyýet gözegçiligi astynda ýol berilmelidigini teklip edýärler.

Şeýle hem, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmak mümkinçiliklerini üpjün etmek maksady bilen, agzalyp geçilen möhlet mümkin boldugyça, saýlawçylaryň köpüsiniň hasaba alynmagyna ýa-da maglumatlaryň täzelenmegine, indi ses bermäge hukugy bolmadyklaryň bolsa sanawdan aýrylmagyna şert döretmeklige ýykgyn etmelidir.

Şeýlelik bilen, saýlawçylaryň sanawy saýlawlarda ses bermegi geçirmegiň we onuň netijelerini jemlemegiň esasy resminamasy bolup durýar.

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.