TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLAR WE HALKARA SYNÇYLARY

Her geçen gün bizi bahar saýlawlaryna — 25-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ýakynlaşdyrýar.

Saýlawlaryň geçirilişine gözegçilik etmek üçin milli synçylaryň 4072-si bellige alyndy. Şeýle hem bu saýlawlaryň geçirilişine syn etmek üçin abraýly halkara guramalaryndan uzak möhletleýin synçylar ýurdumyza gelip başladylar. Olaryň netijeli işlemekleri üçin oňyn şertler döredildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara synçylar wekiliýetiniň merkezi hereket edýär. Öz işine mart aýynyň 5-inden girişen bu synçylar Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynda saýlawlara görülýän taýýarlyk işleri bilen işjeň tanyşýarlar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylarynyň işi saýlawlaryň Türkmenistanyň kanunlaryna, şeýle hem ykrar edilen halkara hukuk ýörelgelerine laýyk geçirilýändigine gözegçilik etmekden ybaratdyr.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara synçylarynyň düzüminde Azerbaýjan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, şeýle hem GDA-nyň Parlamentara Assambleýasyndan synçylaryň bolmagy, ÝHHG-niň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan wekilleriň gatnaşmagy bu syýasy çäräniň açyklyk we aýanlyk şertlerinde, ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede geçiriljekdigini äşgär edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýa Respublikasyndan garaşsyz synçylar, Eýran Yslam Respublikasynda, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden bu saýlawlara gatnaşjak synçylar hem saýlawlaryň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede geçirilişine syn ederler.

Merkezi saýlaw topary.