TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BELENT MAKSATLY AÝDYŇ ÝOLLAR

Toýlary toýa ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem aýratyn taryhy wakalara baý we üstünlikli ýyllaryň biri bolup, şöhratly taryhymyzyň sahypalarynda öçmejek yz goýar.

Her ýylyň öz aýratynlygynyň bolşy ýaly, bu ýylda hem eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesi halkara derejesinde dünýä ýüzüne doldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly, başga-da ençeme halkara guramalary bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Elbetde, bu gatnaşyklar saýlaw ulgamynda hem döwrebap derejede alnyp barylýar. Şol halkara gatnaşyklarynyň çäklerinde, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň çagyrmagy boýunça Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde, şeýle-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde saparda boldular.

Mundan başga-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilen birnäçe döwletleriň Parlament saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar. Dogrusy, halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän saýlawlara, saýlawlar bilen bagly dürli çärelere gatnaşmak, tejribe alyşmak indi asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin gol çekilen Taslama resminamanyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 18–21-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň hem-de BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda «BRIDGE» maksatnamasy esasynda, «Saýlawlaryň dolandyrylyşyna giriş» atly okuw maslahaty, şeýle-de, 2025-nji ýylyň 8–11-nji dekabry aralygynda «Zenanlaryň ýurduň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny artdyrmak boýunça wagtlaýyn ýörite çäreler» atly okuw maslahaty geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça oňyn işler amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren maslahatynda saýlaw ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bilelikde taýýarlanylan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 28-nji iýunynda kabul edildi.

Şu Kanun taýýarlanylanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň teklipleri nazara alyndy. Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakyndaky Kanun VI bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, ol ýurdumyzyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem ýöretmegiň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-de, saýlaw ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrar. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Altyn asyr, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplary, şeýle-de, Mary welaýatynda Oguzhan etraby döredildi.

Şol döredilen täze etraplarda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 32-nji, 33-nji maddalaryna laýyklykda, Ahal, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlaryň saýlaw toparlary tarapyndan degişlilikde Altyn asyr, Garaşsyzlyk, Gubadag, Farap, Döwletli, Garabekewül, Oguzhan etrap saýlaw toparlary döredildi.

Etrap saýlaw toparlaryny döretmek işleri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda, guramaçylykly amala aşyryldy.

Häzirki döwürde Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, ony milli ýörelgelere esaslanyp, has-da baýlaşdyrmak bilen bagly ençeme işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň saýtyny kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär.

Saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny giňişleýin öwrenmek, olar barada saýlawçylaryň hem-de saýlaw toparlarynyň arasynda düşündirişler geçirip, ony halk köpçüliginiň aňyna ýetirmek, şonuň netijesinde-de, saýlaw ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda saýlawlaryň döwrebap derejede geçirilmegi üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!

 

Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.