TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BEDEW BATLY ÝYLYŇ ŞYGARY — KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda başy başlanan asylly işleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, nurana geljeginiň binýadyny emele getirýän ösüşler gazanylýar. Agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny ýazjak ajaýyp ýyllaryň ýene birine, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna gadam basdy. Bu ýyl Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly bolup, ýelden ýüwrük bedewleriň gadymy mekany hasaplanýan türkmen topragynda öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň ýene bir taryhy döwri başlandy. Bedew täze menzillere, ösüşiň belentliklerine ymtylyşy alamatlandyrýar.

Taryha ser salsak, ýylky ýyly rysgal-bereketli ýyllaryň biri hasap edilipdir. Bu gadymy senenama on iki ýyldan aýlanyp, her ýyl bir jandaryň adyny göterýär. Şol ýyllaryň içinde gelýän ýedinjisi ýylky ýylydyr. Mälim bolşy ýaly, ýedilik san türkmençilikde aýratyn düşümli, adamlara şowlulyk getirýän keramatly san hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, haýsydyr bir haýyrly işiň başyny tutjak bolup, sähet soralanda, «Başga sähedi bilmeseňem, üç ýedini bilýänsiň-ä?!» diýilýändir. Şeýlelikde, haýyrly işlere başlanylanda, her aýyň ýedisi, on ýedisi, ýigrimi ýedisi sähetli günler hökmünde göz öňünde tutulýar.

Şundan çen tutsaň, müçenamada ýedinji orunda durmagynyň özi-de ýylky ýylynyň ile döwlet getirjek, ýagşy niýetlileri maksadyna ýetirjek ýyl boljakdygyndan habar berýär. Bu ýyl atçylyk sungatynyň taryhy ojagy bolan ýurdumyzda özboluşly many-mazmuna eýedir. Munuň özi «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly jümläni döreden ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowamat tapmagydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen bedewleri gadymy topragymy- zyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip, atlaryň gadyr-gymmatyny täsirli beýan edýär. Atyny dosty deýin ýeg gören ata-babalarymyz «At — myrat», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň — ganaty bar» ýaly nakyllary asyrlar boýy halkyň durmuş pelsepesiniň esasynda nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Bu günki gün şol düşünjeler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi özboluşly mana eýedir. Çünki, behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, uçar ganatydyr, wepaly ýoldaşydyr. Ähli döwürlerde hem bedew ýylynyň galkynyşly ösüşlere we üstünliklere alyp gelýändigine ynanylypdyr. Ahalteke atlary Watanymyzyň ösüş we özgertmeler ýolunda gazanýan beýik üstünlikleriniň nyşany bolup durýar. Olaryň ýyndamlygy okgunly ösüşlerimiziň badyna deňelýär. Munda uly bir ajaýyp bitewülik we çuňňur many-mazmun bar. Ösüşiň täze eýýamy Watanymyz, halkymyz üçin şan-şöhratly ýyllara öwrüldi. Berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek üçin öňümizde uly wezipeler, belent maksatlar goýuldy. Ata Watanymyzy ösdürmek, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek we baýlaşdyrmak boýunça ägirt uly işler dowamata beslener.

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylda Türkmenistan döwletimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk eder. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde ozal hem 2012-nji we 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edip, bu jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetiripdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjek döwletiň Baştutany hökmünde GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitiniň dowamynda sözlän sözünde bu çözgüt üçin hemmelere minnetdarlygyny bildirip, muňa ähli agza ýurtlar tarapyndan Türkmenistana bildirilýän hormatyň we ynamyň nyşany, döwletimiziň GDA-nyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde baha berilýändigini aýtdy.

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilip geçiler.

Bu şanly ýylda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, köp sanly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, saglygy goraýyş merkezleriniň, bilim ojaklarynyň gurluşygyny tamamlap, ulanyşa bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda sebit we bütindünýä derejesindäki halkara maslahatlaryň, forumlaryň guralmagyna garaşylýar.

Elbetde, bu taryhy ýylda saýlaw ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly hem oňyn netijelere garaşylýar. Şeýle-de, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, ýerlerde Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýöredijiler bilen okuw maslahatlaryny geçirmeklik meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Merkezi saýlaw topary tarapyndan Kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalar, ýagny:

«Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji ýörite toparlary döretmegiň we olaryň işiniň tertibi hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji ýörite toparlara saýlawçylar baradaky maglumatlary bermegiň görnüşi hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň maglumat goruna girmek, ony ýöretmek we jogapkär adamlaryň jogapkärçiligi hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň maglumat gorundan peýdalanmak hakynda» Tertipnamalar işlenilip taýýarlanyldy. Bu Tertipnamalar geljekde öňde durýan wezipeleri talabalaýyk alyp barmakda Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji toparlaryň peýdalanmaklary üçin taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň  karary bilen, Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda täze etraplar döredildi. Şol döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etyrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçiriler.

Bedew bady bilen öňe barýan ajaýyp arzuwlaryň, asylly işleriň hasyl bolýan ýurdunda halkymyzy döwletli döwranda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny, Watanymyzyň gülläp, gül açmagyny arzuw edýäris.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýyly gutly bolsun!

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.