TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLAR WE GENDER DEŇLIGI

Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlarda dalaşgärleriň diňe bir bilim, hünär derejesine, ýaşyna, milletine däl-de, eýsem gender deňligine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine geçirilen saýlawlaryň hil düzümine ser salanyňda hem göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilýän saýlawlaryna hödürlenilen dalaşgärleriň arasynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işleýän tejribeli hünärmenleriň, şol sanda  zenanlaryň hem uly toparynyň bardygyny bellemek ýerliklidir.

Bu saýlawlarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan hödürlenilen dalaşgärleriň onlarça göteriminiň dürli pudaklarda zähmet çekýän we öz işine ezber zenanlardygyny bellemek zerurdyr. Munuň özi saýlawlaryň diňe bir milli demokratik ýörelgeler, aç-açanlyk, aýdyňlyk hem-de deň hukuklylyk ýagdaýynda geçirilýändigini aňlatman, eýsem aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki işjeňliginiň derejesini beýan edýän özboluşly görkezijidir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna ýurdumyzdaky syýasy partiýalardan we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenilen 284 dalaşgäriň 26,06 göteriminiň, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenilen 489 dalaşgäriň 24,13 göteriminiň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenilen 2570 dalaşgäriň 33,70 göteriminiň gelin-gyzlar bolmagy saýlawlarda gender deňligine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.

Geňeşleriň agzalygyna hödürlenilen 13215 dalaşgäriň 28 göterimini zenanlaryň düzmegi bolsa, ýurdumyzda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna geçirilýän saýlawlarda-da gender deňligi baradaky meseläniň üns merkezinde saklanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Gelin-gyzlara aýratyn hormat goýulýan türkmen jemgyýetinde gender deňligi diýilýän düşünjäniň kökleri gadym döwürlere uzap gidýär. Aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň döwleti dolandyrmak işindäki hyzmatlary, il-ýurt ykbaly bilen bagly geçirilýän geňeş-maslahatlarda zenanlaryň pähim-paýhasynyň dürler hazynasynyň aýratyn nazara alynmagy, ýaş nesliň watançylyk terbiýesindäki nusgawy mekdeplik işleri Oguz eýýamynda-da, Gorkut zamanynda-da uly ähmiýete eýe bolupdyr. Olaryň hyzmatlary türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki ornunyň belentde bolmagyny üpjün edipdir.

Üçünji müňýyllykda aýal-gyzlarymyzyň döwleti dolandyrmak, kanunçylygy kämilleşdirmek, ýerli öz-özüňi dolandyrmak işlerine işjeň çekilmeginiň aňrysynda ata-babalarymyzdan gelýän şöhratly däpleriň durandygyny aýratyn nygtamak buýsançly ýagdaýdyr.

 

Merkezi saýlaw topary.