TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

2018-nji ýylyň 26-njy marty. MERKEZI SAÝLAW TOPARYNYŇ BAŞLYGY G.MYRADOWYŇ BRIFINGDE EDEN ÇYKYŞY

Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Hormatly halkara synçylary!

Hormatly dostlar!

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçişini beýan etmäge işjeň gatnaşandygyňyz üçin, siziň ähliňize tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

Düýn, 25-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlawlar guramaçylykly, saýlawçylaryň ýokary işjeňligi ýagdaýynda geçdi.

Saýlawlarda ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 2604-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda 39-sy döredildi.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlar toparlaryna degişlidir.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap we şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň, şeý­le hem Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek  işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary gatnaşdylar.

Dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 24-nji ýanwarynda başlandy, 22-nji fewralynda bolsa tamamlandy.

Dalaşgärleri bellige almak  fewral aýynyň 3 – 27-si aralygynda geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 284, welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570, Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär, saýlawlaryň ählisi boýunça 16558 dalaşgär bellenilen möhlelerde bellige alyndy.

Bu sanlar 25-nji martda geçirilen saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgäriň bäsleşendigini görkezýär. Has takygy, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 91 okrugda 2 dalaşgär, 34 okrugda 3 dalaşgär, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 1261 okrugda 2 dalaşgär, 179 okrugda 3 dalaşgär, Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda 4485 okrugda 2 dalaşgär, 1415 okrugda 3 dalaşgär saýlawçylaryň köp sesini almak ugrunda, demokratik ýörelgelere laýyklykda  bäsleşdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 168-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa  116-sy hödürlenildi we bellige alyndy. Has anygy:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 117;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasy tarapyndan 23;

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 28;

raýatlar toparlary tarapyndan 116  adam Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenildi.

Ýeri gelende, pursatdan peýdalanyp, bu saýlawlaryň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň köp dalaşgäriň hödürlenendigi bilen ozalky saýlawlardan tapawutlanýandygyny, şeýle hem dört saýlawyň bir günde geçirilýänligi bilen, ajaýyp bahar paslynda geçirilýänligi bilen, syýasy partiýalaryň üçüsiniň gatnaşmagynda geçýänligi bilen tapawutlanýandygyny belläp geçesimiz gelýär.

Şeýle hem ýeri gelende aýtsak, şu saýlawlarda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, on-line düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda ilata görkezildi.

Saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň ses berişleri on-line düzgüninde 2018-nji ýylyň 25-nji martynda sagat 7-den 19-a çenli görkezildi we şol wagtyň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtyna jemi 170 969 adam seretdi, şol sanda jemi 24 377 adam bolsa on-line sahypasyna seredip gördi.

      Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri olaryň bellige alnan döwründen başlandy we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edildi.

     Dalaşgärleriň hemmesine deň şertlerde wagyz-nesihat işlerini tölegsiz geçirmek mümkinçiligi döredildi. Dalaşgärler öz maksatnamalary boýunça deň derejede teleradio ýaýlymlarynda çykyş etdiler. Öz degişli okruglarynyň saýlawçylary bilen duşuşdylar, ýygnaklar geçirip, maksatnamalary boýunça çykyş etdiler, saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdiler.

Ses bermegiň tertibini düşündirýän dürli görnüşli wideo-rolikleriň 11-si taýýarlanyldy we teleradio ýaýlymlarynda ilatyň dykgatyna ýetirildi.

 Saýlawlaryň aýanlykda, açyk we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýty (saylav.gov.tm) hereket edýär hem-de onda saýlawlar baradaky habarlar, maglumatlar yzygiderli goýlup, ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň internet-saýtynda saýlaw möwsümi bilen bagly täzelikler we habarlar 3 dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirilip duruldy.

Saýlawçylaryň deň şertlerde ses bermeklerini gazanmak maksady bilen, saýlaw uçastoklarynyň hemmesi bir nusgada taýýarlanylan kabinalar, saýlaw gutulary bilen üpjün edildi.

Uçastok saýlaw toparlary tarapyndan her saýlawça aýratyn çakylyk iberilip, ses bermegiň geçiriljek wagty we ýeri barada saýlawçylara öňünden habar berildi.

Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylara mart aýynyň 15-i -- 24-i aralygynda öňünden ses bermek mümkinçiligi döredildi hem-de ýurt boýunça saýlawçylaryň 3 göterimi öňünden ses berdi.

Saglyk ýagdaýy we beýleki sebäpler boýunça saýlawlar güni ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň öýünde ses bermek mümkinçilikleri üpjün edildi.

Saýlawlar köp partiýalylyk şertlerinde hem-de ählumumy, deň, göni, gizlin, erkin saýlaw hukugy we bäsleşik esasynda geçirildi.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly ähli çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirildi.

Saýlawlaryň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 4072-si syn etdi.  

Saýlawlara Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan,  Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Päkistan Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan halkara synçylary, garaşsyz synçylar geldiler we  saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etdiler. 

Saýlawlara halkara synçylarynyň jemi 142-si gatnaşdy.

Halkara synçylarynyň bize aýtmaklaryna görä, saýlawlar açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi  hem-de Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoly bilen gadam urýandygyny görkezdi.

Synçylar toparynyň agzalary Türkmenistanda bolan mahalynda, olar üçin saýlaw baradaky kanunçylygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän işler bilen jikme-jik tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Umuman, synçylar toparynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik we bäsleşikli esasda geçirilendigini nygtadylar. Halkara synçylary saýlawlara saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryny hem aýratyn belläp geçdiler.

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanda işleýän we bellige alnan, şeýle hem çakylyk esasynda ýurdumyza gelen  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri   saýlawlaryň geçirilişini beýan etmäge gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň  saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3 291 312-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň  saýlawlarynda saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 91,04%, Balkan welaýatynda 91,84%, Daşoguz welaýatynda  91,85%, Lebap welaýatynda 91,73%, Mary welaýatynda 91,64% we Aşgabat şäherinde 91,21% ses berdiler. Türkmenistan boýunça jemi 3 291 312 saýlawçydan 3 017 801-si ses berip, 91,69% gatnaşyk boldy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary tarapyndan, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda sagat 7-den 19-a çenli aralykda, saýlaw uçastoklarynyň 2604-siniň hemmesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň  saýlawlary Kanuna laýyklykda geçirildi diýilip hasap edildi.

Saýlawçylaryň öz şikaýatlaryny beýan etmekleri üçin Merkezi saýlaw toparynda, şeýle-de saýlaw uçastoklarynyň ählisinde teklipler (şikaýat) kitaplary goýuldy.

Fiziki we ýuridiki taraplaryň saýlawlara dahylly mesele çykanda dessine bize ýüzlenip bilmekleri, saýlawlara taýýarlyk görülýän we geçirilýän döwründe  saýlaw kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak üçin  Merkezi saýlaw toparynda 2018-nji ýylyň 15-nji martyndan başlap, gije-gündiziň dowamynda  «nobatçy telefon» işledi.

Saýlawlara taýýarlyk işleri we onuň geçirilişi barada arza-şikaýatlar gelip gowuşmady.

Düýn agşam sagat 19-da saýlaw uçastoklarynda ses bermek tamamlanandan soň sesler sanaldy. Ýöne, daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarymyzdan maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Saýlawlaryň jemleri baradaky maglumatlar kanunda bellenilen möhletde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Hormatly habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda sagat 11-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Halkara synçylar wekiliýetiniň saýlawlaryň jemleri baradaky metbugat maslahaty geçirilýär. Ol tamamlanandan soň bolsa şol ýerde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Halkara synçylar wekiliýetiniň saýlawlaryň jemleri baradaky metbugat maslahaty geçiriler.

Agzalan metbugat maslahatlaryna gatnaşsaňyz, Türkmenistanda geçen saýlawlar, onuň geçişi we jemleri  barada dünýäniň dürli döwletlerinden gelen synçylaryň pikirlerini, garaýyşlaryny bilip bilersiňiz.

Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Hormatly halkara synçylary!

Hormatly dostlar!

Şu günki brifingimize gatnaşanlygyňyz üçin size öz hoşallygymy bildirýärin. Diňläniňiz üçin sag boluň!