TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

3-NJI IÝUN — BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmeginiň diňe bir ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine örän uly ünsüň berilýändigini aňlatman, eýsem üstünde erenler örňän gadymy türkmen topragynda bu gün Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ösen dünýäniň talaplaryna laýyk gelýän ajaýyp stadionlaryň, atçylyk sport toplumlarynyň, döwrebap sport mekdepleriniň raýatlarymyza gündelik hyzmat etmegi we sportuň ähli görnüşleriniň gülläp ösmegi üçin döredilen ajaýyp şertleriň netijesinde külli ynsan kowmy üçin nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygynyň özboluşly ykrarnamasy bolup ýaňlanýar.

Merkezi Aziýada iň iri Olimpiýa şäherçesiniň bina edilen ýeri bolan ak mermerli Aşgabatda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýynyň yklymlara ýaýrap, arşa göterilmegini üpjün etdi.

Bagtyýar zamanada ýaşýan türkmenistanlylar üçin indi her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek özboluşly däbe öwrüldi. «Amul — Hazar 2018» atly welosiped ýaryşyna şu ýylyň başynda guramaçylykly badalga berilmegi munuň şeýledigini doly subut edýär.

Sportuň ömürleri zyýada eýleýändigine örän çuň düşünýän türkmen raýatlary, mähriban Arkadagymyzyň sagdyn durmuş keşbini kemala getirmek ugrundaky yhlaslaryndan ylhamlanýarlar. Syrdam boýly, sagdyn bedenli, çakgan, görmegeýden nurana türkmen türgenlerimiziň mähirden doly, gaýduwsyz didelerindäki egsilmez hyjuw, berk ynam, milli Liderimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmäge edýän tagallalaryna hoşallyk alamaty bolup görünýär.

Bu gün gözel Diýarymyzyň islendik etrabynyň islendik obalaryna baranyňda, ýaşlar bilen deň hatarda ýaşuly nesliň wekilleriniň hem welosiped ulagyny uly höwes bilen sürýändiginiň şaýady bolýarsyň. Şol raýatlarymyzdan: «Sizde welosiped ulagyny sürmäge bolan höwesdir yhlasyň döremeginiň sebäbi nämede?» diýip sorasaň, olar emgenmän: «Hormatly Prezidentimizden görelde alýarys!» diýşip, biragyzdan  jogap berýärler.

Olar ýene-de: «welosiped ulagy — eliň-aýagyň bogunlaryny türgenleşdirýär, bu ulagy sürmegi endige öwürseň, onda ýüregiň birsydyrgyn kadaly urşuny hem sazlaýar. Aslynda, lukmanlar welosiped sürmegiň saglyk üçin 25 sany peýdasynyň bardygyny tassyklaýarlar. Welosipedi yzygiderli we dowamly sürýän adam özüni elmydama şadyýan duýýar, onuň şähdi açyk bolýar. Şeýle adamlaryň nerw ulgamynyň işi sazlaşykly bolup, olaryň iýmit siňdiriş, uly we kiçi gan aýlanyş ulgamynyň işleri hem kadaly bolýar. Umuman, welosiped ulagyny sürmek, ynsan bedeniniň elmydam sagdyn bolmagyny üpjün edýär hem-de adamyň ömür-haýatyny uzaldýar...» diýip, höwesli gürrüň berýärler.

Türkmenistan Diýarymyzda welosiped ulagy hemmeler tarapyndan ulanylýar. Indi bu ulagy sürmek il içinde özboluşly däbe öwrülip gitdi. Munuň şeýledigine ýaňky sowallarymyza berlen jogaplary eşideniňde hem doly göz ýetirýärsiň.  

Biz hem bu gün Gahryman Arkadagymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitarap Türkmenistanyň teklibiniň goldaw tapmagy hem-de her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaýarys!  

 

Merkezi saýlaw topary.