Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan demokratik saýlawlar diýlende, biziň döwletimiziň demokratik ýol bilen we gös-göni halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda dolandyrylmagyna düşünilýär. Saýlawlary aýanlykda we demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirmegiň düzgünleri bolsa, döwletimiziň Esasy kanuny – Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şeýle hem Saýlaw kodeksi esasynda berkidilendir.
Ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, saýlawlary demokratik esaslarda geçirmegiň birnäçe şertleri bellenilendir. Şol şertleriň bolsa, biziň ýurdumyzyň kanunçylygynda öz beýanyny tapýandygy guwandyryjy we aýratyn bellärlikli ýagdaýdyr.
Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň esasy demokratik ýörelgeleri höküminde onuň ählumumydygyny, saýlaw hukukly raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga hukugynyň bardygyny, olaryň saýlaw hukuklarynyň göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmeginiň gadagan edilýändigini, şeýle-de Saýlaw kodeksinde bellenilen ýagdaýlardan beýleki halatlarda raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýändigini we kanunçylykda bellenilen jogapkärçilige eltýändigini, raýatlaryň saýlawlara deň esaslarda erkin we meýletin gatnaşýandygyny hem-de gizlin ses berýändigini, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýandygyny, şonuň bilen birlikde hem saýlawçylaryň öz erkini beýan edişine gözegçilik etmäge ýol berilmeýändigini bellemelidiris.
Aýdylyp geçilen ýörelgeler esasynda guralýan şunuň ýaly demokratik saýlawlar esasynda bolsa, ýurdumyzyň raýatlarynyň öz saýlan wekilleri arkaly döwleti dolandyrmaga gatnaşmak hukuklarynyň amala aşyrylmagy – döwletiň syýasy durmuşyna gatnaşmagy üpjün edilýär.
Saýlawlaryň demokratik ýörelgelere laýyklykda guralmagynyň ýene-de bir şerti hem onuň köppartiýalylyk esasynda geçirilmegidir. Aslynda, köppartiýalylyk demokratiýanyň möhüm bölegidir. Köppartiýalylyk munuň özi her biri deň şertlerde Parlamentde we beýleki wekilçilikli edaralarda mandat orunlaryny almak hukugyna eýe bolan birnäçe partiýalardan düzülen syýasy ulgamy emele getirýär. Aýratyn hem saýlawlar geçirilende onuň bäsleşikli bolmak şertleriniň giň gerimde üpjün edilmegi üçin köppartiýalylyk ulgamynyň ähmiýeti uludyr.
Başga söz bilen aýdanyňda bolsa, köppartiýalylyk diýlip, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda iki we ondan-da köp partiýanyň hereket etmegine düşünilýär. Döwletiň has-da gülläp ösmegi babatynda her bir syýasy partiýanyň özboluşly öňde goýýan maksatlary bolýar. Syýasy partiýalar arkaly amala aşyrylýan syýasy ideologiýa bolsa, özünde jemgyýetçiligiň bähbidini araýan hem-de jemgyýetçilik durmuşynda syýasy düşünjeliligiň, aňyýetiň kemala gelmeginiň iň bir uly we täsirli görnüşidir.
Syýasy ideologiýa döwletiň syýasy-sosial ösüşi bilen bagly toparlaýyn pikirleri açyp görkezýän gural ýaly bolup görünýär. Ýöne, syýasatçylaryň köpüsi syýasy ideologiýany öz taglymatlary esasynda jemgyýetiň garaýşyny-pikirini taplamak üçin ulanýarlar.
Syýasy partiýa munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna gatnaşmagyny we öz syýasy erk-isleglerini beýan etmeklerini hem-de saýlawlara gatnaşmaklaryny üpjün etmek, şeýle-de döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň bähbitlerini aramak maksady bilen döredilen jemgyýetçilik birleşmesidir. Syýasy partiýa, munuň özi kesgitli bir sosial gatlaklaryň bähbitlerini beýan edýän we kesgitlenilen il-ýurt bähbitli syýasy maksada ýetmeklige gönükdirilen bir pikirdäki adamlaryň guramaçylyklaýyn toparydyr. Jemgyýetiň syýasy durmuşynda häzirkizaman demokratiýasyny ornaşdyrmakda syýasy partiýalaryň örän uly ähmiýeti bardyr. Syýasy partiýalary öwrenmek bilen meşgullanýan ylym bolsa «partologiýa» diýlip atlandyrylýar.
Adamzat jemgyýetiniň geçen taryhy döwri partiýalylyk ulgamynyň sany bilen baglylykda onuň dürli görnüşlerini ýüze çykardy. Halkara tejribelerine laýyklykda we mysal edip aýdanymyzda: birpartiýalylyk, ikipartiýalylyk, köppartiýalylyk we partiýasyzlyk ulgamlaryna duş gelmek bolýar. Dünýä tejribelerinde duş gelýän häsiýetlendiriji çeşmelerde köppartiýalylyk ulgamynyň haýsydyr bir partiýanyň hökümeti eýeläp bilmezligi üçin amatlydygy bellenilýär. Şonuň bilen birlikde hem haýsy partiýa halkyň köp böleginiň ynamyna eýe bolup bilse, onuň ýurduň syýasy durmuşynda şonça-da artykmaçlyk gazanýandygy aýdylýar.
Şu ýerde partiýalylyk şertleriniň saýlaw ulgamyna hem täsir edýändigini bellemelidiris. Sebäbi, birpartiýalylyk şertlerinde saýlaw ulgamynyň proporsional ýa-da garyşyk görnüşlerini ulanyp bolmaýar. Birpartiýalylyk şertinde diňe mažoritar saýlaw ulgamy ulanylyp bilner. Ýöne köppartiýalylyk şertlerinde bolsa, saýlaw ulgamynyň ähli görnüşleri ulanylýar.
Biziň ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň mažoritar görnüşi ulanylýar. Käbir saýlawlar bilen bagly ylmy işlerde üç partiýalylyk şertlerinde mažoritar saýlaw ulgamyny ulanmagyň oňaýly bolýandygy bellenilýär. Şeýle-de, partiýalaryň sany has köp bolsa, onda bu şertlerde saýlaw ulgamynyň mažoritar görnüşini ulanmagyň meseleli taraplarynyň bolýandygy bellenilýär. Diýmek, syýasy partiýalar saýlawlaryň aýrylmaz bölegidir diýip aýdyp bolmaýandygyna garamazdan, olaryň esasy hereketi saýlawlar bilen bagly bolup durýar. Sebäbi diýeniňde, syýasy partiýalaryň maksady jemgyýetçilikde demokratiýany ornaşdyrmak bolýan bolsa, onda saýlawlar hem jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir.
Biziň döwletimizde syýasy partiýalaryň üçüsi, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýasy hereket edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň syýasy durmuşynda köppartiýalylyk şertleriniň kemala gelendigine aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasynda «Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar» diýlip bellenilýär.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi Türkmenistanda raýatlaryň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetde bolup geçýän ykdysady we syýasy özgerişliklere giňden çekmek barada döwlet syýasatynyň gyşarnyksyz alnyp barylýandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylyň dekabr aýynda döredildi. Bu günki gün Demokratik partiýa milli ösüşiň syýasy, hukuk, ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer ugurly maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga ýakyndan gatnaşýan syýasy partiýa hökmünde çykyş edip gelýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylyň awgust aýynda döredildi. Bu partiýa ýurtda bazar-ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegini, eýeçiligiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini, telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegini, telekeçileriň hukuklarynyň goralmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini gazanmagy öz öňünde maksat edip goýýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasy 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredildi. Agrar partiýa ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan demokratik özgertmeleri goldamagy, oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegi, obalaryň ykdysady galkynyşyny gazanmaga ýardam bermegi maksat edinýär.
Bu syýasy partiýalar ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemek hukuklaryndan peýdalanýarlar, saýlawlarda milli synçylary belleýärler, saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürleýärler. Munuň özi syýasy partiýalaryň jemgyýetdäki ornunyň pugtalanýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy biziň Garaşsyzlygymyzyň ykrar edilen ilkinji ýylynda döredilmek bilen, häzirki wagta çenli geçilen we üstünliklere, ösüşlere beslenen onçakly uzak bolmadyk taryhy döwürde ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň demokratik ýörelgeler esasynda has-da pugtalanmagynda uly ähmiýete eýe boldy. Güneşli diýarymyzyň ähli künjeklerinde onuň welaýat, etrap, şäher we ilkinji guramalary hereket edýär. Munuň özi Demokratik partiýamyzyň syýasy işjeňliginiň ýaýbaňlandyrylandygyny hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan ösüşleri giň gerimde wagyz-nesihat etmäge bolan mümkinçiliginiň kemala gelendigini görkezýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji döredilen syýasy partiýa hökmünde, bu jemgyýetçilik guramasy saýlawlarda hem özüniň syýasy işjeňligini görkezip gelýär we umuman halk köpçüliginiň arasynda abraýa eýe boldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy barada aýdylan bu jümleler, onuň saýlawlar boýunça dalaşgärleri we saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemekde, milli synçylary bellemekde, wekilçilikli edaralarda köp sanly mandat orunlaryny gazanmakda, saýlawlar boýunça wagyz işlerini geçirmekde kuwwatly güýje öwrülendigine hem doly şaýatlyk edýär.
Demokratik partiýa özüniň saýlaw işlerine gatnaşmak bilen bagly ilkinji ädimine 1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda başlady we 1992-nji ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Halk wekilleriniň saýlawlarynda hem bu işleri giň gerimde dowam etdirdi. Bilşimiz ýaly, öňler Türkmenistanyň Demokratik partiýasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Galkynyş» hereketine girýärdiler we Prezidentlige dalaşgäri bilelikde geçirilýän mejlisde hödürleýärdiler.
Emma, wagtyň geçmegi bilen we häzirkizaman döwrüniň talabyna laýyklykda, «Galkynyş» hereketi ýatyryldy. Ýöne, «Galkynyş» hereketiniň öz döwründe döwletimiziň syýasy ulgamyny kemala getirmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete mynasyp bolandygyny hem aýratyn bellemelidiris. Ondan soňky döwürde bolsa, mähriban Prezidentimiziň ynsanperwer we demokratik syýasaty netijesinde eziz Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilýän syýasy köpdürlilik ýa-da köppartiýalylyk ulgamy emele geldi. Biziň syýasy durmuşymyzda dürli görnüşli syýasy partiýalar döräp başlady.
Indi syýasy partiýalaryň hersi boýunça onuň ösüş ýoluny beýan edýän käbir taryhy maglumatlar barada aýratynlykda durup geçmekçi bolýarys. Has takygy, biz bu işimizde haýsydyr bir partiýany ileri tutmazlyk ýa-da aýratyn mahabatlandyrmazlyk, tarapgöýsüzlik esasynda, her partiýanyň hakykat ýüzünde ýurdumyzyň syýasy durmuşynda, şol sanda saýlaw ulgamynda gazananlaryny açyp görkezmek ýoluna eýerýäris.
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ilkinji gezek özbaşdak mejlis geçirip, ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlemegi bellärlikli taryhy wakadyr. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hödürlän dalaşgäri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk ynamyny gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine üçünji möhlete saýlanylmagy bu partiýamyzyň döwlet derejesindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna getirdi.
Döwrüň demokratik ýörelgelerine we talabyna eýermek biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hut şu nukdaý nazardan hem halk köpçüliginiň erk-islegi esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredi. Çünki, ýurdumyzyň ykdysadyýetini kämilleşdirmek we ösdürmek babatynda telekeçilik işleriniň ähmiýetli orny bardyr. Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgesine esaslanýar. Dogrusyny aýtsak, ykdysady ulgamyň ösmeginde we kuwwatlanmagynda, dünýä bazaryna bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa harytlaryň çykarylmagynda türkmen telekeçileriniň uly goşandy bar. Häzirki wagtda telekeçilere döwlet tarapyndan uly goldawlar berilýär. Şonuň bilen birlikde hem telekeçilik işiniň berk hukuk binýady-da döredildi.
Indi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň saýlaw işlerine gatnaşmak bilen bagly amala aşyran oňyn işleri we geçen ýoly barada durup geçmekçi bolýarys. Bu partiýanyň döredilen ýylynyň yz ýanyndaky ýylda, ýagny halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň möhletinden öň çykyp giden agzalarynyň ýerine 2013-nji ýylyň 14-nji aprelinde saýlawlar geçirildi. Şol geçirilen saýlawlar boýunça partiýanyň merkezi geňeşi tarapyndan milli synçylary bellemek arkaly hem özüniň saýlaw işlerine gatnaşmak bilen bagly ilkinji syýasy ädimini ätdi.
Okyjylarymyz tarapyndan ýüze çykyp biläýjek «Näme üçin bu partiýa 2013-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemedik-ä» diýlen sowala şol döwürde entek onuň ýerli guramalarynyň doly derejede döredilip, resmileşdirilip ýa-da bolmasa olaryň agzalarynyň jemlenilip ýetişilmändigi sebäpli şonuň ýaly bolandygy bilen düşündiriş bermek bolar.
Soňra, gysga wagtyň içinde, ol partiýanyň saýlawlara gatnaşmak bilen bagly amala aşyrýan işleri has giň gerime eýe bolup başlady. Elbetde, ýaňky aýdylanlar bu guramanyň döwletiň syýasy ösüşine tiz uýgunlaşandygyny hem-de halkyň arasyndaky abraýynyň günsaýyn artandygyny görkezmek bilen, hakykatdanam ol syýasy güýjüň döwrüň talabyna laýyklykda we öz wagtynda dörändigine şaýatlyk edýär.
Geliň onda sözümiz gury bolmaz ýaly, geçilen taryhy döwür boýunça käbir mysallara ser salalyň. Ýylyň ahyrky möwriti bolan gyş paslynda, ýagny 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlarda bolsa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ilkinji gezek dalaşgär hödürledi. Has takygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň jemi 21-sini hödürledi we şol dalaşgärleriň hemmesi degişli okrug saýlaw toparlarynda bellige alnyp, olar saýlawlarda bäsleşdiler. Saýlawlar boýunça milli synçylaryň-da 110-syny belledi. Täze döredilen syýasy partiýanyň bellän milli synçylary saýlawlaryň kanunalaýyk geçirilişine syn etdiler. Saýlawlarda ses bermegiň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hödürlän dalaşgärlerinden 14-si Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanyldy. Şeýlelikde, ilkinji gezek Parlamentde deputatlyk mandatynyň 14-sini aldy.
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň öz agzasyny Prezidentlige dalaşgärlige hödürlemegi bellenilip geçilmäge mynasypdyr.
Bu syýasy partiýamyzyň häzirki wagta çenli dürli derejedäki saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek ýaly ähli saýlaw çärelerine işjeň gatnaşýandygyny aýratyn belläp geçmelidiris. Bu aýdylanlaryň we getirilen mysallaryň hemmesi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýurdumyzyň syýasy durmuşynda ähmiýetli we uly syýasy güýje öwrülendigini subut edýär. Umuman, jemläp aýdanymyzda bolsa, bu partiýa döwletimizde geçirilýän ähli saýlawlar boýunça özüniň işjeňligini görkezýär.
Elbetde, döwür diýlen zat barha özgerýär, ösýär, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze-täze garaýyşlar emele gelýär. Biz beýle diýmek bilen, indi ýurdumyzda täze dörän üçünji partiýa hakynda gürrüň etmekçi bolýarys. Ol partiýa bolsa, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasydyr.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esasy sütüni bolan oba hojalygyny ösdürmek ýaly möhüm meselä hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär. Ekin dolanyşygyny girizmek bilen bagly amala aşyryljak işleri dünýä we ýerli tejribeleri ornaşdyrmak arkaly ýerine ýetirmek, Türkmen obasynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini emele getirmek, döwlet bilen daýhanyň arasyndaky ykdysady gatnaşygyň aýdyň, sazlaşykly we özara peýdaly esasda ýola goýulmagy, alnyp barylýan oba hojalyk syýasaty netijesinde ýylyň - ýylyna zähmet üstünlikleriniň gazanylmagy ýaly meseleler oba hojalygyny ösdürmegiň möhüm tarapydyr.
Hut şu nukdaý nazardan hem döwrüň talaby we oba hojalyk ulgamynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän jemgyýetçilik köpçüliginiň erk-islegi esasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasy döredildi. Bu partiýanyň oba hojalygyny ösdürmek babatyndaky oňyn we ähmiýetli taraplary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly.
Ýöne biziň maksadymyzyň partiýanyň saýlaw ulgamy bilen bagly amala aşyrýan işlerini açyp görkezmeklige gönükdirilendigi sebäpli, onuň saýlaw işlerine gatnaşyşy barada içgin we giňişleýin beýan ederis.
Agrar partiýa hem özüniň döredilen ýylyndan başlap, saýlaw işlerine gatnaşmak çärelerine girişdi. Has takygy, 2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda ýurdumyzda welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlar boýunça milli synçylaryň 60-syny bellemek bilen, bu partiýa hem saýlaw işlerine gatnaşmak bilen bagly özüniň ilkinji çäresini amala aşyrdy. Şol bellenilen milli synçylar bolsa degişli welaýat saýlaw toparlary tarapyndan bellige alyndy we olar saýlawlaryň kanunçylyk esasynda geçirilişine syn etmek hukugyna eýe boldular.
Indi biz şu ýerde ýene-de «Näme üçin bu partiýa 2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürlemedi» diýlen sowala gaýdyp gelmeli bolýarys.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenilen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara degişli bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň şol saýlawlaryň geçiriljek gününi bellemek baradaky karary 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edildi. Agrar partiýanyň özi bolsa, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredildi. Diýmek, partiýa saýlawlaryň bellenilen gününden soň döredilipdir. Şunuň bilen baglylykda, bu partiýa şol saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek hukugyna eýe bolup bilmedi.
Ýöne, 2015-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçirilen Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň saýlaw işlerine gatnaşmak mümkinçilikleri has giň gerime eýe boldy.
Has takygy, bu partiýamyz saýlawlar boýunça milli synçylaryň 114-sini belledi, dalaşgärleriň bolsa 1248-sini hödürledi, şeýle hem etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümine agza edip goşmaklyk üçin öz wekilleriniň jemi 105-sini hödürledi. Şol saýlawlar boýunça ses bermegiň netijelerine laýyklykda, partiýanyň hödürlän dalaşgärlerinden 559-sy Geňeşleriň agzalygyna saýlanyldy. Bu anyk we takyk mysallar, döredilen wagtyna çenli entek doly bir ýylyň dolmandygyna garamazdan, ýaş partiýanyň saýlawlar bilen bagly işjeňliginiň mesaňa mälim giň gerimde artandygyny görkezýär.
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanyň Agrar partiýasy özbaşdak mejlis geçirip, özüniň agzasyny döwletiň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürländigini hem ýatlap geçsek ýerlikli bolar.
Beýleki syýasy partiýalarymyz bilen bir hatarda, Agrar partiýamyzyň hem ähli derejedäki saýlawlar boýunça guralýan saýlaw çärelerine örän işjeň gatnaşýandygyny aýratyn belläp geçmek bolar. Elbetde, munuň özi bu partiýamyzyň ýurdumyzda amala aşyrylýan jemgyýetçilik-syýasy işlerde ähmiýetli we uly syýasy gurama öwrülendigine şaýatlyk edýär. Agrar partiýa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçirilýän demokratik saýlawlar babatynda deň mümkinçiliklere hem-de oňyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Ýagny, taryhda ilkinji gezek dört derejeli ählihalk saýlawlary birlikde – bir günde boldy. Bu möhüm jemgyýetçilik syýasy çäre boýunça örän köp guramaçylyk işlerini ýerine ýetirmeli boldy. Şol çäreleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda we guramaçylykly amal edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän üç partiýamyz milli synçylary bellemek, saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek, dalaşgärleri hödürlemek, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek ýaly, başga-da ençeme çärelerde örän ýokary derejeli işjeňlik görkezdi. Amal edilen işleriň esasylarynyň biri hökmünde dört derejeli saýlawlar boýunça dalaşgärleriň 16558-siniň hödürlenilendigini nygtamak bolar. Elbetde, munuň özi ummasyz guramaçylyk işlerini talap edýär. Biz bu saýlawlary we sanlary mysal getirmek bilen, biziň partiýalarymyzyň syýasy işjeňliginiň kämil derejä ýetendigini, hakykatdan hem ýurdumyzda köppartiýalylyk şertleriniň kuwwatly ulgamynyň kemala gelendigini nygtamak isleýäris.
Syýasy partiýalar barada aýdylanda, ýurdumyzda kemala gelen syýasy ulgamyň bir milli aýratynlygy hakynda hem belläp geçsek ýerlikli bolardy. Milli aýratynlyk diýýänimiz bolsa, hala syýasy partiýa bolsun, hala jemgyýetçilik birleşigi bolsun, olaryň maksadynyň ýurt Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleri goldamaga, tutuş halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Il-günüň, halkyň bähbidini goramak bolsa biziň merdana pederlerimizden miras galan demokratik ýörelgedir.
Özüniň millilik aýratynlyklary bilen halkymyzyň arasynda meşhurlyga eýe bolan we söýgüsini gazanan «Şükür bagşy» kinofilminde «Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonçada filosofiýa bar» diýlip aýdylyşy ýaly, alsynda, biziň ata-babalarymyz halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, halk demokratiýasyna – halkyň erk-islegine uly hormat goýupdyrlar. Munuň şeýledigini «Halk aýtsa, galp aýtmaz», «Iliň güýji – siliň güýji» we «Il agzy – keramat», ýa-da «Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn» ýaly atalar sözlerinden hem görmek bolýar.
Saýlaw ulgamynyň syýasy ähmiýeti barada gürrüň edilende, ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaly jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hem oňyn işleriň amal edilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwletimiziň syýasy durnuklylygynyň sütünleriniň has-da pugtalandyrylmagynda bu jemgyýetçilik birleşikleri uly işleri amal edýärler.
2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi esasynda, saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlar toparlaryna degişli edildi. Munuň şeýle edilmeginiň sebäbini Türkmenistanda demokratik ýörelgelere esaslanýan köppartiýalylyk ulgamynyň kemala gelendigi bilen düşündirip bolar.
Ýöne, Saýlaw kodeksine laýyklykda, jemgyýetçilik birleşikleri saýlaw toparlarynyň düzümine goşmak üçin özleriniň wekillerini hödürlemek hem-de saýlawlar boýunça milli synçylary bellemek, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmäge gatnaşmak ýaly hukuklaryndan doly derejede peýdalanýarlar. Munuň özi bolsa saýlawlaryň kanunalaýyklykda we guramaçylykly geçirilmegine oňyn ýardam berýär.
Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri barada aýdylanda, şu ýerde käbir geçen taryhy wakalara ser salsak, artykmaçlyk etmese gerek. Ýagny, 2011-nji ýyla çenli bolan belli bir döwrüň dowamynda ençeme ýyllap syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň Merkezi saýlaw toparynyň agzasy bolandyklaryny, toparyň geçirýän mejlislerine gatnaşyp, degişli kararlaryň we çözgütleriň kabul edilmegi üçin özleriniň seslerini berendiklerini ýatlamak bolar. Edli şonuň ýaly, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary hem degişli welaýatyň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygy hem-de Merkezi saýlaw toparynyň agzasy bolup durýardylar. Elbetde, wagtyň geçmegi bilen hem-de ýurdumyzda saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgelerini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň düzüminiň gurluşy üýtgedildi we syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasarlarynyň Merkezi saýlaw toparynyň düzümindäki agzalyk ygtyýarlyklary ýatyryldy.
Şeýlelikde, Merkezi saýlaw toparynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilip, toparyň düzümine ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda işleýän adamlar girizildi.
Şu ýerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň bellän milli synçylarynyň ýerlerde saýlaw möwsüminiň geçirilişine syn edip, şolaryň maglumatlary esasynda bolsa syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuna laýyklykda, demokratik ýörelgeler we bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirilendigi hakynda Merkezi saýlaw toparyna ykrarnama berýändiklerini aýdyp geçmegi makul bildik. Munuň özi örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi diýeniňde, islendik ýurtda bolan saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigini şol ýurtda hereket edýän syýasy partiýalaryň tassyklamaklary, ykrar etmekleri saýlawlary geçirmegiň halkara kadalarynyň talaby bolup durýar.
Syýasy partiýalarymyzynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň Merkezi saýlaw toparynyň ähli geçirýän mejlislerine çagyrylmaklary we gatnaşmaklary, kabul edilýän kararlardyr çözgütler bilen öz wagtynda tanyşmaklary hem olar üçin bir diýseň ähmiýetli mümkinçilikdir. Galyberse-de, şol döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzda saýlawlaryň aýanlykda geçirilýändigine hem şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara saýlaw işlerine gatnaşmaga – milli synçylary bellemäge, saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemäge, şeýle-de dalaşgärleri hödürlemäge we saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmäge deň mümkinçilikleriň döredilmegi, bu syýasy çäräniň esasy demokratik ýörelgesidir. Bu mümkinçilikler biziň döwletimizde geçirilýän ähli saýlawlarda kanunçylygyň talaplary esasynda berjaý edilýär.
Saýlaw möwsüminde Merkezi saýlaw topary tarapyndan taýýarlanylýan gollanmalardyr ýatlamalar-da syýasy partiýalaryň öz hukuklaryndan peýdalanmaklaryna gözükdiriji bolup hyzmat edýär. Mysal getirip aýdanymyzda, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýörite syýasy partiýalar üçin «Dalaşgär hödürlemek boýunça ýatlama» taýýarlanyldy we syýasy partiýalaryň guramalaryna iberildi.
2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirlen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynyň jemleri boýunça Parlamentde Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 55, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 11, Agrar partiýasy 11, raýatlar toparlary 48 sany deputatlyk mandatyny aldylar.
Arkadag Prezidentimiziň saýasynda güneşli diýarymyzda geçirilýän saýlawlarda saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ministrlikleriň we beýleki edaralaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde sazlaşykly, agzybir, guramaçylykly işlemekleri, syýasy taýdan durnukly, ygtybarly we kämil aňyýetli türkmen jemgyýetiniň kemala gelendigini, halkymyzyň mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, parahatçylyk söýüji syýasatyny doly goldaýandygyny, Milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşendigini äleme äşgär edýär.
Amangeldi GANDYMOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
merkezi toparyň kätibi