Enelere hormat goýmagyň özboluşly mekdebidir
Hormatly Prezidentimiziň «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene -- ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene -- döwletlilik» ýaly bölümleri özünde jemleýän täze eseri «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýlen çuň pelsepewi at bilen okyjylara hödürlenildi.
Bu eserde her bir ynsan üçin enäniň mukaddesligi täsirli pikir ýöretmeleriň, rowaýatlaryň üsti bilen hemme taraplaýyn açylyp görkezilýär.
Täze kitapda döwlet Baştutanymyz milletimiziň baý ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti baradaky düýpli pikirleri orta atýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly eseri eziz enelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň özboluşly mekdebi hökmünde okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ündewleriniň we halkymyzyň däp-dessurlarynyň özboluşly didaktiki jemlerine öwrülen ene hüwdüleriniň şahsyýetiň kemala gelmegindäki ähmiýetiniň ussatlyk bilen açylyp görkezilýän eseri hökmünde kabul edilen bu kitabyň baş sahabynda Arkadag Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň suratynyň ýerleşdirilmeginiň çuň manysy bardyr. Türkmen Enesiniň kemally perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ornunyň jemgyýetde örän ýokarydygyny nygtaýan bu täze eseriň, ajaýyp derejede beýan edilýän mazmunynyň owadan suratlar bilen baýlaşdyrylyp, çeper bezegli, ýokary çaphana usulynda neşir edilmegi, Bitarap Türkmenistanda neşir önümçiligiň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirilendiginden habar berýär.
Häzirki taryhy eýýamyň iň möhüm wezipeleriniň biri-de baý milli mirasymyzy, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerini bagtyýar nesillerimize giňden wagyz etmekdir. Ine, hut şonuň üçin-de, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde nesil terbiýesi bilen bagly wezipeleri çözmekde milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň örän uly gymmaty bardyr.