TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

AWAZA: YLAHY YLHAMYŇ DABARALANMASY

Gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan iň arassa türkmen kenarynda bina edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy atly bagy erem il içinde  ylahy ylhamyň dabaralanýan mekany hökmünde giň meşhurlyga eýedir. Çünki bu mekanda türkmeniň milli Lideri tarapyndan ylahydan ylham alnyp ýazylan eserleriň sany sanardan köpdür. Ynsan kalbynyň töründe özüne mynasyp orun tutunýan eserleriň ylham gözbaşy Awazada bu gezek hem gaýnap joşdy.

Milli aňyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýan maşgala gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen Awazada bolanda, olary döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga höweslendirdi. Döwlet Baştutanymyz Awazada dynç alýan günlerinde agtygy Kerimguly bilen çeper döredijilik bilen meşgullandy.

Hormatly Prezidentimiz özüniň sazlaşykly ritmlerden we kapiýalardan hem-de örän çuň pelsepewi pikirlerden ybarat täze ýazan «Sportly Türkmenistan» atly poetik eserinde: «Sport! Türkmenistan! Gözel Awaza! Ýüpek ýol uzaýar Amul — Hazara»  diýmek bilen, Bitarap Diýarymyzda gysga döwrüň içinde müňýyllyklara barabar gazanylan ägirt uly zähmet we ruhy ýeňişleri şygyr setirlerinde ussatlarça beýan etmegi başarypdyr.

Milli Liderimiziň özüniň bu täze goşgusynyň ajaýyp setirlerini agtygy Kerimgula okap bermegi hem-de oňa täze goşgyny terjime etmäge döredijilikli çemeleşip, bu eseri iňlis diline geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtmagy ýurdumyzyň täze nesliniň wekillerine özboluşly döredijilik ýüzlenmesi bolup ýaňlandy.

Kerimguly bu teklibe ruhubelent seslendi hem-de terjime işine höwes bilen girişdi. Döredijilik işiniň barşynda döwlet Baştutanymyz täze goşgyny türkmen dilinde, agtygy bolsa iňlis dilinde okadylar.

Kerimguly atasynyň galamyndan çykan goşgynyň notasyny ýazdy we oňa laýyk gelýän heňi kesgitlemegi başardy. Döwlet Baştutanymyz agtygyna döredijilik dünýäsi, onuň ähmiýeti barada aýdyp, döredilýän sungat eserleriniň ähli döwürler üçin nusgalyk bolmalydygyny belledi we bu babatda agtygyna birnäçe maslahatlary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gitarada ussatlarça sazandalyk eden agtygy Kerimguly bilen saz eseriniň üstünde işlemegini tamamlap, türkmen we iňlis dillerinde öňde boljak «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine, ýurdumyzyň sportunyň gazananlaryna, tebigatymyzyň täsin gözelligine bagyşlanan «Sportly Türkmenistan» atly täze aýdymy ýerine ýetirdiler. Häzirki döwrüň äheňinde döredilen bu aýdym gojaman Hazaryň ajaýyp türkmen kenarynda belent heňde ýaňlandy.

 

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada öz boş wagtyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamyny işlemäge hem-de aýdym-saz döredijiligine bagyşlady.

Milli Liderimiziň nobatdaky eseri dürli çeşmelere, ozaly bilen bolsa, biziň günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly taryhy maglumatlara hem-de dokumental çeşmelere esaslanýar we «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň beýleki ähli ylmy we edebi eserlerinde bolşy ýaly, bu eserde hem taryhy-edebi barlaglarda, dürli döwürlere degişli golýazmalarda saklanýan taryhy maglumatlar umumylaşdyrylýar.

 

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada dynç alýan günleriniň birinde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ralliniň geçjek ugrunyň jemleýji böleginde alnyp barylýan guramaçylyk we beýleki zerur işleriň barşyna gözegçilik etdi. Ýoluň jemleýji böleginde döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen hem duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz žurnalistleriň sowallaryna jogap berende geçiriljek ralliniň ugurlary şekillendirilen kartanyň kömegi bilen ýoluň aýratynlyklary we onuň has çylşyrymly bölekleri barada gürrüň berdi hem-de welaýatlaryň her birinde ýaryşyň tapgyrlarynyň tebigy özboluşlylygyny belledi.

…Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny ýokary tizlik bilen ussatlarça dolandyryp, pellehana birinji bolup geldi hem-de bu ýerde birnäçe aýlaw etdi. 18 kilometr aralygy 14 minut 30 sekuntda geçen hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi.

Milli Liderimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralan sergi bilen hem tanyşdy.

Sergide mahabat bannerleriniň we pannolaryň görnüşleri, ýaryşlaryň nyşanlary, türgenleriň, meýletinçileriň hem-de hyzmat edýän işgärleriň egin-eşikleriniň nusgalary, dürli sowgatlyk we ýadygärlik önümleri, ýurdumyzyň dokmaçylarynyň taýýarlan dürli görnüşli harytlary,  «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine ýörite bagyşlanyp taýýarlanan wideofilm görkezildi.

* * *

Awazada döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Hazar deňziniň giňişlikleri boýunça «Galkynyş» atly häzirki zaman gämisinde gezelenç hem etdi. Bu gezekki gämili gezelenjiň barşynda milli Liderimiz agtyklary bilen behişdi mekany — türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin dynç alýan mesgenine öwrülen Awazanyň gözel keşbini synlady.

...Hyjuwly kalplary heýjana salýan  gözel Awaza ynsan köňlüniň döredijilik akabalaryny joşa getirýär.

 

A.Akmyradow.