TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIK SAÝLAWLAR WE ZENANLARYŇ SYÝASY IŞJEŇLIGI

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlaryna we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda zenanlaryň  hem-de erkekleriň arasyndaky deňhukuklylyk ýörelgeleriniň berjaý edilmegi demokratiýa, adalatlylyk kadalaryna esaslanýan jemgyýetçilik durmuşymyzyň möhüm bölegi bolup durýar. Zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy durmuşyna gatnaşmaklarynyň giň gerimde ýola goýulmagy, olaryň döwleti dolandyrmakda ýolbaşçy wezipeleri eýelemekleri, ylaýta-da olaryň saýlaw çärelerinde işjeňlik görkezmekleri Türkmenistanda zenanlaryň hukuk kepillikleriniň üpjün edilýändigini, olara aýratyn hormat goýulýandygyny äşgär edýär.   

Pederlerimiz zenanlara diňe bir mukaddeslik, bu dünýäniň örki, görki, öý-ojagyň çyragy, ar-namysy hökmünde garaman, eýsem olaryň maşgalany, jemgyýeti dolandyrmakdaky ukyplaryna hem aýratyn hormat goýupdyrlar.

Zenanlara hormat goýmak biziň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgämizdir, syýasy meselelerde deňhukuklylyk ýörelgeleri biziň taryhymyzda zenan maşgalalar babatynda hem berjaý edilipdir. Şol döwürlerde-de zenanlar ýokary syýasy wezipeleri eýeläpdirler we oňa ussatlyk bilen erk etmegi hem başarypdyrlar.

Zenanlaryň hukuklary ählumumy ykrar edilen halkara resminamalary we her bir döwletiň öz içki kanunçylyk namalary esasynda kepillendirilýän häzirkizaman dünýäsinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda gender deňligine aýratyn uly ähmiýet berilýär.     

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwensiýasy» hem jynsy çäklendirmeleriň öňüni almagyň kadalaryny düzgünleşdirýän halkara resminamadyr.

Konwensiýanyň 5-nji maddasynda şeýle diýilýär:

«Şu Konwensiýanyň 2-nji maddasynda beýan edilen esasy borçnamalara laýyklykda gatnaşyjy döwletler jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini gadagan we ýok etmäge hem-de jynsyna, derisiniň reňkine, milletine ýa etniki aslyna garamazdan, her bir adamyň kanun öňünde deňligini, aýratyn-da, aşakda görkezilen hukuklary amala aşyrmak babatda üpjün etmäge borçlanýar:»

Şol maddanyň «c» bendinde bolsa saýlawlara degişli şunuň ýaly kadalar beýan edilýär:

«c) syýasy hukuklar, hususan-da, ählumumy we deň saýlaw hukugy esasynda saýlawlara gatnaşmak – ses bermek we sese goýulmak hukugy, ýurdy dolandyrmak, hut şonuň ýaly-da islendik derejede döwlet işlerine ýolbaşçylyk etmek hukugy, şeýle hem döwlet gullugynyň deň derejede elýeter bolmagyna hukuk;».

Mundan başga-da, zenanlaryň deňhukuklylyk mümkinçiliklerini üpjün etmegiň halkara standartlary Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) adam ölçegleri boýunça konferensiýasynyň Kopengagen maslahatynyň resminamasynda (1990-njy ýyl) hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) adam ölçegleri boýunça konferensiýasynyň Moskwa maslahatynyň resminamasynda (1991-nji ýyl), şeýle hem Ýewropa howpsuzlygy hartiýasynda (Stambul, 1999-njy ýyl) hem beýan edilýär.

Mundan başga-da zenanlaryň deňhukuklyk şertlerini üpjün etmek babatynda halkara derejesinde ençeme gollanmalar hem çap edilendir.

Şolaryň biri hökmünde ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosy tarapyndan taýýarlanylan «Saýlawlara zenanlaryň gatnaşyşyna gözegçilik etmek boýunça gollanmany» («Руководство по мониторингу участия женщин в выборах», ОБСЕ/БДИПЧ 2005 г.) mysal getirmek bolar.   

Halkara synçylar haýsydyr bir ýurda ugradylanda, olaryň arasynda şol saýlaw geçirilýän ýurtda zenanlaryň hukuklarynyň deň şertlerde üpjün edilişine syn etmek boýunça ýörite bilermenler hem bolýar. Hatda halkara synçylary her bir saýlaw uçastogy boýunça hasaba alnan saýlawçylaryň hem näçesiniň zenanlar bolup durýandygyna aýratyn üns berýärler.

Ählumumy ykrar edilen halkara resminamalarynda erkekleriň we zenanlaryň deň hukuga eýe bolmak mümkinçilikleri baradaky kadalaryň şol ýurduň Esasy kanuny bolan Konstitusiýasy esasynda berkidilmelidigi hakynda aýdylýar.

Biziň ýurdumyzda hem zenanlaryň deňhukuklylyk mümkinçilikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda kesgitlenilendir we olaryň bu  konstitusion hukuklary giň gerimde üpjün edilýär.

Has takygy, Konstitusiýamyzyň 29-njy maddasynda:

«Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.» diýlip bellenilendir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 3-nji maddasynda bolsa: «Türkmenistanyň raýatlarynyň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan, olaryň saýlamaga, saýlanmaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukuklaryny (mundan beýläk – saýlaw hukugy) göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmek gadagan edilýär.» diýlen demokratik ýörelgeler şertlendirilendir.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 2016-2018-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Gender deňligi, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Munuň özi Türkmenistanda zenanlaryň syýasy işlere örän işjeň gatnaşmak hukuklarynyň doly derejede üpjün edilýändiginden habar berýär.

Zenanlaryň saýlawlara işjeň gatnaşmaklary olaryň saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgär, milli synçy we Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlary, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň saýlanylan agzalary bolmagy bilen baglylykda ýüze çykýar.

Mysal üçin aýdanymyzda, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň 26,02 göteriminiň, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 24,13 göteriminiň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 33,97 göteriminiň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 28,98 göteriminiň zenanlar bolandygyny bellemek bolar.

Haýsy-da bolsa bir wekilçilikli edara saýlanylanlaryň arasynda deňhukuklylyk şertlerinde zenanlaryň bolmagy meselesinde bir zada ünsi çekmek gerek. Ýagny, halkara tejribelerinde hem saýlawlar näçe ýerli derejede boldugyça, şonça-da zenanlaryň sanynyň az bolaýmak ähtimallygy ýüze çykyp bilýär. Ýöne, bu ýagdaýlar käbir halatlarda tersine hem bolup biler. Muny bolsa diňe wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň arasynda zenanlaryň sanynyň näçedigine seljerme işlerini geçirmek arkaly bilip bolýar.

Şunuň bilen birlikde hem saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň arasynda zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolýandygy 2018-nji ýylyň  25-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça ses bermegiň netijelerine laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlarynyň 24,80 göteriminiň, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň saýlanylan agzalarynyň 20,42 göteriminiň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň saýlanylan agzalarynyň 26,00 göteriminiň we Geňeşleriň saýlanylan agzalarynyň 22,05 göteriminiň zenanlar bolmagy ýurdumyzda bu şertleriň giň gerimde üpjün edilýändigini görkezýär.

2014-nji ýylda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň   16472-siniň 43,52 göteriminiň, 2016-njy ýylda döredilen welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 66-synyň 30,30 göteriminiň hem-de etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 761-siniň 30,62 göteriminiň, 2018-nji ýylda döredilen okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 1375-siniň 38,98 göteriminiň we etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 4241-siniň 36,81 göteriminiň zenanlardygyny bellemek bolar.  Bu bolsa ýurdumyzda zenanlaryň saýlaw işlerine gatnaşmak babatynda olaryň sanynyň ýokary görkezijilere eýedigini subut edýär.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we raýatlar toparlary hem-de bellige alnan dalaşgärler tarapyndan bellenilen hem-de degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan milli synçylaryň hil düzümine ser salanyňda, olaryň jemi 4072-siniň 47,79 göteriminiň zenanlar bolup durýandygyny görmek bolýar.

Diýmek, bu aýdylan anyk mysallar we deliller hakykatdan hem ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň demokratik ýörelgelere esaslanýandygyna hem-de zenanlaryň gender deňliginiň ýokary derejede üpjün edilýändigine şaýatlyk edýär.

Aslynda, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap ýurdumyzda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň hereket etmegi, onuň syýasy durmuşymyzda, şonuň bilen birlikde hem saýlaw ulgamynda örän uly ähmiýete eýe bolmagyna getirdi. Geçen taryhy döwürde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň guramalarynyň dürli derejeli saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işlerine hem işjeň gatnaşandyklaryny belläp geçmek bolar.

Ýurdumyzda köp partiýalylyk ulgamynyň kemala gelmegi netijesinde,    2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bolsa, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişli edildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň guramalary saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek hem-de milli synçylary bellemek işlerinde hem ýokary görkezijilere eýedir. Munuň şeýledigine käbir mysallara ser salmak arkaly göz ýetirmek bolýar.

Mysal üçin, 2016-njy ýylda döredilen welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň  66-synyň arasynda 12-siniň hem-de etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 761-siniň arasynda 125-siniň,  2018-nji ýylda döredilen okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 1375-siniň arasynda 191-siniň we etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 4241-siniň arasynda 515-siniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň degişli guramalary tarapyndan hödürlenilendigini aýtmak bolar.

Şeýle hem 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça bellige alnan milli synçylaryň jemi 4072-siniň arasynda 253-siniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň degişli guramalary tarapyndan bellenilendigi ýurdumyzda zenanlaryň syýasy işjeňliginiň artýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Şu ýerde bir zada aýratyn ünsi çekmeklik gerek, ýagny saýlawlar boýunça dalaşgärleriň, milli synçylaryň, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, degişli wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň arasynda zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolmagy, şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň degişli guramalarynyň özleri tarapyndan hem saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleriň hödürlenilmegi ýa-da milli synçylaryň bellenilmegi, saýlaw işlerinde zenanlaryň ornyna uly ähmiýet berilýändigini äşgär edýär.

Munuň özi zenanlaryň diňe bir saýlamak we saýlanmak işlerine gatnaşmak kepillikleriniň üpjün edilmegi bilen çäklenilmän, eýsem olaryň wekilleriniň saýlaw toparlarynyň agzalary bolup, saýlawlara taýýarlyk görlüşine we onuň netijeleriniň jemlenilişine gatnaşmak we milli synçy hökmünde saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilişine syn etmek mümkinçilikleriniň hem döredilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Zenanlar barada aýdylanda, 2007-nji ýyldan bäri, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesinde zenanyň işleýändigine ýa-da bolmasa beýleki ulgamlarda hem zenanlaryň ýolbaşçy wezipelerde işleýändiklerine ser salanyňda, demokratik ýörelgelere esaslanýan ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny goramaga giň mümkinçilikleriň üpjün edilýändiginiň şaýady bolýarsyň.         

Milli Liderimiziň ýaňy ýakynda öz halkyna peşgeş beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň hem örän uly gymmaty bardyr we türkmenleriň zenan mukaddesligine uly hormat goýýandygynyň çeper beýanydyr.

Döwletimiz tarapyndan olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak üçin zenanlara dürli ýeňillikleriň üpjün edilýändigi barada hem nygtap geçsek ýerlikli bolar.

Bu aýdylyp geçilen şertleriň hemmesi, hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly we ynsanperwer ýolbaşçylygy esasynda, ýurdumyzda halkara resminamalarynda aýal-gyzlar babatynda bellenilen demokratik şertleriň doly berjaý edilýändigini, zenanlaryň gender deňliginiň üpjün edilmegi bilen birlikde, olaryň mukaddeslik hökmünde sarpalanylýandygyny we söýülýändigini buýsanç bilen tekrarlamaga esas bolup durýar.