TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAHAWATLYLYGYŇ NURANA BAÝRAMY

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dynç alyş günlerine öwrülen Gurban baýramy şu ýyl biziň ýurdumyzda awgust aýynyň 22-24-i aralygynda döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Mukaddeslige, agzybirlige, päklige we sahawatlylygyň nuruna beslenen hem-de milli öwüşginlere baý Gurban baýramy bu gün hemişelik Bitarap Türkmenistanda edil  merdana ata-babalarymyzyň belleýşi ýaly, örän dabaraly, şowhunly geçirilýär.

Dünýäniň ähli musulmanlary üçin nurana we mukaddes baýram saýylýan Gurban baýramynyň ilkinji gününde irden paýtagtymyz Aşgabadyň we welaýatlarymyzyň ähli metjitlerinde okalýan Baýram namazlarynda bitewiligiň, ylalaşyklylygyň, milletimiziň ýokary ruhy gymmatlyklara ygrarlydygynyň alamatlary öz beýanyny tapýar.

Dost-doganlygy, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bu milli baýramçylyk halkymyzyň bitewiliginiň, agzybirliginiň hem-de jebisliginiň berkemeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Munuň özi pederlerimizden miras galan ruhy baýlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek barada döwlet derejesinde edilýän yhlasly tagallanyň aýdyň subutnamasy bolup ýaňlanýar.

Parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän bu baýramçylykda ynsanlar hökmany suratda birek-biregiňkä, dostlarynyňka, goňşularynyňka myhmançylyga baryp, tagam dadýarlar. Şeýle hem adamlaryň özleri hem myhmanlary güler ýüz bilen kabul edip, tagam hödürleýärler, her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, sadakalar berilýär. Beýik Taňrydan parahatçylykly hem-de döredijilikli durmuş dileg edilip, aýat-dogalar okalýar. Ynsanlar biri-birlerine: «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýşip, ýagşy arzuw-dilegler edýärler.

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasynda haj parzyny berjaý etmek üçin hemişelik Türkmenistan ýurdumyzdan zyýaratçylar toparynyň Käbä zyýarata ugradylmagy döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ruhy ahlak däp-dessurlaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek aýdyň subut edýär. Biziň halkymyzyň ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelýän Gurban baýramy ýaşaýyşyň mizemez esaslarynyň, hoşniýetliligiň, haýyr-sahawatlylygyň hem-de ynsanperwerligiň aýdyň beýany bolup ýaňlanýar.

Şu baýramçylyk günlerinde mähriban Diýarymyzyň raýatlary abadançylygyň we rowaçlygyň möhüm şertleriniň biri hökmünde halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy we medeni däplerine aýawly garalýandygy, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygy üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Her bir güni ajaýyp zähmet ýeňişlerine, şatlykly pursatlara, süýji arzuwlara beslenýän türkmen halky ýüreginde şeýle gadymy däp-dessurlara uly orun berýän milletdir. Hut şonuň üçinem Gurban baýramy ynsanlaryň kalbynda iň ýagşy we mähirli duýgulary, şeýle-de geljege umyt we ruhubelentlik ýaly uly ynamy oýarýar. Bu uly ynam bolsa merdana halkymyzy täze-täze zähmet ýeňişlerine galkyndyrýar.

Şu mukaddes günlerde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary hormatly Arkadagymyzy we onuň nurly ýoly bilen parlak ertirlere barýan türkmen raýatlarymyzy milli Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarlar! Goý, beren sadakalaryňyz hem-de doga-dilegleriňiz beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

 

Merkezi saýlaw topary.