TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

GARAGUMDAKY RALLI-REÝD

Owalbaşky ady Pariž — Dakar bolan ilkinji ralli ýaryşy özüniň badalgasyny 1978-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtyndan alyp, Senegalyň paýtagty Dakar şäherinde jemlenipdi. Dakar ralli-reýdiniň 40-njy ýubileý ýaryşy bolsa, Günorta Amerikada geçip, oňa dürli görnüşli ulaglaryň ekipažlarynyň 200-den gowragy gatnaşypdy.

Ýer ýüzünde giň meşhurlyga eýe bolan Dakar derejesindäki ralliniň ýoly bu gün...

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we taýsyz tagallalary netijesinde  dünýäniň iri çölleriniň biri bolan Garagumuň üstünden düşdi.  «Amul — Hazar 2018» atly bu halkara awtorallisi şu ýylyň 11-15-nji sentýabry aralygynda geçiriler.  Bu awtoralli ýaryşyna ýeňil we ýük awtomobilleri, şol sanda SSV klassly kwadrosikller gatnaşarlar. 9-10-njy sentýabrda bolsa, bu uly halkara  rallisine taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylar. Ýurduň gündogaryndan — Lebap welaýatynyň çäklerinden, has takygy Jeýhunuň  kenarlaryndan badalga alan ralliçiler gyrkylyk yzly gum depelerinden geçip, jemi  1158 kilometrlik geçmesi kyn menzil ýoly külterlärler. Bu ralli ýaryşy gojaman Hazaryň türkmen kenaryna ajaýyp keşde kimin bezeg  berip  oturan Awazada tamamlanar.

Uç-gyraksyz Garagum çölüni gündogardan-günbatara kesip geçýän bu ralliniň ýolunda  esasan dört ýerde biwuaklar, ýagny duralga-düşelgeler ýerleşer. Has takygy, birinji duralga Türkmenabatdaky badalgadan  297  kilometr  ýol geçilenden soň, Mary welaýatynyň çäklerinde, ikinjisi — umumy  ýoluň 388-nji kilometrinde — Ahal welaýatyndaky Derweze gaz  krateriniň töwereklerinde, üçünjisi — Daşoguz welaýatynda ýerleşýän, ýagny ikinji  duralgadan 249 kilometrlikde — «Altyn asyr»  Türkmen  kölüniň kenarýakalarynda, dördünjisi bolsa, üçünji biwuakdan-duralgadan 409 kilometr uzaklykdaky — Gamyşlyja platosynda bolar.

Gamyşlyja platosyndan — «Awaza»  milli syýahatçylyk zolagyndaky pellehanasyna çenli bolsa, 223 kilometrlik  menzil ýol söküler. Duralga-biwuaklaryň  ýanynda kiçi awiasiýa üçin  niýetlenen  gonuş  meýdançalary hereket eder.

Mälim bolşy ýaly, türkmeniň milli Lideriniň bu iri halkara ralli ýaryşyny Garagum sährasynda geçirmek baradaky teklibi dünýäniň köp ýurtlarynyň ussat awtosürüjilerinde, şol sanda meşhur ralli ýaryşlaryna gatnaşyjylarda hem uly gyzyklanma döredipdi. Şu günler bu halkara ýaryşyna gatnaşjak  türkmen awtosürüjileri hem bäsleşiklere işjeň taýýarlyk görýärler. Has takygy, türkmen türgenleriniň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sporty okuw-türgenleşik merkezinde hem-de Garagum sährasynda türgenleşik sapaklary dowam edýär. Türkmen türgenleri sport ulagyny okgunly sürmegiň usullaryny ulanyp, onuň ähli kuwwatyny  we öwrüm ukyplaryny synagdan geçirýärler. Bu babatda olar Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ulagyň ähli emel mümkinçiliklerinden ýerlikli  peýdalanmagyň syrlaryny ussatlyk bilen ele alýarlar. 

«Amul — Hazar 2018» taslamasy diňe bir bäsleşik bolman, eýsem, ol durmuşyň dürli ulgamlarynyň we ýurdumyzyň ähli hyzmatdaşlar bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen köpugurly, iri möçberli sport çäresidir. Şu ýaryşlaryň köp sanly myhmanlar üçin ýatda galyjy wakalara beslenjekdigi, ýurdumyzyň parahatçylygyň hem-de dostlugyň baş şerti bolan sportuň ornuny pugtalandyrmaga goşýan goşandyny alamatlandyrýandygy şübhesizdir. 

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport taryhynda täze sahypany açjak bu ralli-reýde ýewropaly we aziýaly türgenleriň hem onlarçasy gatnaşmaga isleg bildirdiler. Halkara ýaryşa dünýäniň «Dakar», «Africa Eco Race», «Ýüpek ýoly» ýaly meşhur rallileriniň ýyldyzlarynyň gatnaşmagyna hem garaşylýar.

 «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça «Africa Eco Race» kompaniýasy bilen ikitaraplaýyn şertnama gol çekilipdi. Häzirki wagtda bolsa, bu kompaniýa bilen halkara awtorallini guramaçylykly geçirmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Garagum sährasynyň özboluşly, käte bolsa öňden görüp bolmaýan häsiýetlere eýe bolan tebigaty bar. Ulagyň sürüjisi çägelik ýerlerdäki her hili ýüze çykýan kynçylyklara, ýoluň ugrunda geçmesi kyn bolan ýerlerde päsgelçilikleri ýeňip geçmäge taýýar bolmalydyr. «Amul – Hazar 2018» rallisiniň başdan geçirijilikli ruhuny şertlendirýän ýoluň çylşyrymlylygy daşary ýurtly awtomobil sürüjileriniň hem ünsüni özüne çekýär. Ýaryşyň  dowamynda awtoulaglar tizligini peseltmezden, belentlikleri hem-de inişleri, köp sanly alaňlary we çöketlikleri yzda galdyryp, tebigy päsgelçilikleri geçerler. «Amul – Hazar 2018» awtorallisi, ulagy çöllük ýerde sürmek sürüjiden degişli tizligi saklamagy, bar ünsüňi daş-töwerege we ýola jemlemegi talap edýär. Garagum çölüniň ýowuz şertlerinde we täsin landşaftynda geçiriljek bu ýaryş ussat türgenleriň  çakganlygynyň, nawigasiýa başarnyklarynyň,  aýratyn kyn şertlerde ulaglara erk etmekdäki çeýeliginiň özboluşly synagyna öwrüler.

Şu günler ýaryşyň geçiş ugurlaryndaky düşelgeleri guramak, şeýle-de kiçi uçarlary awtomobil ýaryşlaryny goldamaga çekmek, habar beriş serişdeleriniň işini ykjam ýola goýmak bilen bagly anyk işler welaýat häkimlikleri bilen bilelikde alnyp barylýar.

Bu halkara awtoralli ýaryşynyň geçişini giňişleýin we doly wagyz etmekde Zeminiň çar künjünden geljek žurnalistlere uly orun degişlidir. Dünýäniň sport janköýerleri ýaryşyň «gyzykly başdan geçirmelerine»  «Eurosport 1,2», «Motorsport TV», «Россия 24», «Матч ТВ» ýaly meşhur habar beriş serişdeleriniň üsti arkaly tomaşa edip bilerler.

«Amul — Hazar 2018-e» daşary ýurtly gatnaşyjylar hem-de ýaryşy beýan edýän žurnalistler, tomaşaçylar bu ýaryşlaryň dowamynda Türkmenistanyň baý tebigaty, onuň ajaýyp künjekleri, medeni we taryhy mirasy bilen has içgin tanşyp bilerler. Bu bolsa köp sanly myhmanlarymyzyň ýadynda ýaryşlaryň we ýakymly täsirleriň uzak wagtlap galmagyna ýardam eder.

Bu halkara ýaryşy öz häsiýeti we mazmuny boýunça eko-ralli ýaryşlarynyň derejesine eýedir. Çünki, oňa gatnaşýan  tehnikalaryň we olaryň ýangyçlarynyň hiline aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi, bu bäsleşik  häzirki zaman ekologiýa kadalaryna laýyk guralýan özboluşly ýaryşdyr. Tebigaty goramak, awtomobilleriň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Amul — Hazar aralygy boýunça halkara awtoralliniň guralmagy milli Liderimiziň ýurdumyzyň sebit we dünýä ähmiýetli hem-de döwletleri we halklary ýakynlaşdyrmaga, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy ösüşe gönükdirilen ulag başlangyçlarynyň we  taslamalarynyň işjeňleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmeginde aýratyn manynyň bardygyny bellemeli. Çünki döwletimiziň netijeli halkara hyzmatdaşlygyny,  dost-doganlyk gatnaşyklaryny, parahatçylygy we hoşniýetli goňşuçylygy esasy ugur edinýän syýasaty ýurtlaryň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet  berýär.  

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda  guralýan «Amul — Hazar 2018» awtorallisi diňe bir ýurdumyzda  awtomobil sportunyň ösdürilmegine güýçli ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň soňky ýyllarda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar we beýleki ulgamlarda gazanan ajaýyp üstünliklerini Ýer ýüzüne giňden wagyz etmek üçin özboluşly mümkinçilik bolup hyzmat eder. Şeýle hem bu awtoralli Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde  abraýynyň has-da arşa galmagynda ýene bir möhüm ädim bolar.

Biz hem Gahryman Arkadagymyzy, halkymyzy «Amul — Hazar 2018» atly bu halkara awtorallisiniň geçirilmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaýarys! Türkmen türgenlerine bolsa, uly üstünlikler arzuw edýäris!

 

Merkezi saýlaw topary.