Oňyn özgertmeleriň döwlet strategiýasyny öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän deňsiz-taýsyz «Amul — Hazar 2018» awtorallisi 11-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň çäklerinden badalga alypdy. Aňňat-aňňat gum depelerini yzda galdyryp, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň içi bilen günbatary nazarlap, öňe okdurylyp barýan awtoulaglar türkmen çölüne özboluşly gelşik berýär. Göýä jylawy goýberilen bedewleri ýada salýan ulaglaryň çakgan sürüjileri bolsa, bu owadan gum ýollarynda ussatlygyň nusgasyny görkezýärler. Garagumyň ekzotik we endemik ösümlikleri, çölüň täsin we ajaýyp hem-de gaýtalanmajak landşafty ralliçileri has-da ruhlandyrýar. Tükenmez ýollara sahyp Garagum sährasynyň jana ýakymly, müň derde derman arassa howasyndan işdämenlik bilen dem alýan ezber sürüjileriň ruhy diýseň belent. Olaryň ählisi-de türkmen çölüniň ynsany heýjana salýan zagpyran güýz keşbiniň aşygy hökmünde «Kalba nur çaýýan beýle owadan manzar, ýyly mähir biziň ýüreklerimizi müdimilik bendi etdi» diýşip, buýsançlaryny dile getirýärler.
Bu halkara ralli-reýdine dünýäniň ýigrimiden gowrak döwletiniň iň ussat türgenleriniň dolandyrýan 83 ekipajy gatnaşýar. Has takygy Angliýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Çehiýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Saud Arabystanynyň, şeýle-de sebitiň döwletleriniň ençemesiniň we başga-da onlarça ýurtlaryň ekipažlary ýowuz hem çylşyrymly çöl şertlerinde awtomobil ulaglaryna erk etmekde çakganlygyň nusgasyny görkezýärler.
Bu ýaryşa gatnaşýanlaryň arasynda atlary Ýer togalagyna meşhur awtoralliçiler örän köp. Hut şonuň üçin-de Ýer ýüzüniň dürli yklymlarynyň döwletleriniň ezber awtosürüjileriniň çakganlyk ýaryşyna öwrülen «Amul—Hazar 2018» awtorallisiniň ady dünýäniň sport senenamasyna ýazylýar. Meşhur ralliçi — «NAC Ralli Team» toparynyň ýolbaşçysy, 2014-2015-nji ýyllarda halkara ralli ýaryşlaryna gatnaşan polşaly çempion Pawel Malgon: «Garagum çölünde guralýan bu halkara rallisine gatnaşmak her bir türgeniň baş arzuwy! Polşaly türgen hökmünde bu derejeli ýaryşa gatnaşmak hut özümi hem diýseň begendirýär. Men owadan Garagum çölüniň ulgam-ulgam gum depeleriniň, selin-sazakly ürgün çägeleriniň üstünden öz ulagym bilen geçmegi örän uly bagt saýýaryn! Bu ajaýyp çöli görmek meniň üçin uly bagtdyr» diýip, öz buýsanjyny beýan edýär.
Bu awtoralli ýaryşyny guramaga we ony taýýarlamaga işjeň gatnaşýan, ady dünýä meşhur awtoralliçi fransuz Žan-Lui Şlesser we onuň toparynyň agzalary, şeýle-de dürli yklymlaryň onlarça döwletinden gelen türgenler özleriniň täsinliklerden doly Garagum çölündäki bu halkara ýaryşyna gatnaşýandyklaryna diýseň begenýärler.
Russiýa Federasiýasyndan gelen «KAMAЗ-Мастер» topary hem bu rallä uly höwes bilen gatnaşýar. Pilotlar Aýrat Mardeýewiň we Dmitriý Sotnikowyň ýolbaşçylygynda iki ekipaž bolup ýaryşa goşulan hünärmenler üçin Garagumda geçirilýän bu ralliniň mazmuny diňe bir sport däl-de, eýsem ekzotiki täsinlikler bilen hem baýlaşýar.
«Amul — Hazar 2018» awtorallisine gatnaşýan Belorus Respublikasynyň «MAЗ-СПОРТавтоnyň» «Красные зубры» toparynyň agzalary hem bu bäsleşige üç ekipaž bolup gatnaşarlar. 401-nji belgidäki ekipaža ýolbaşçylyk edýän Sergeý Wýazowiçe Pawel Garanin hem-de Andreý Žigulin şturmanlyk edýär. 403-nji belgidäki ekipaža bolsa Alekseý Wişnewskiý, Maksim Nowikow, Andreý Newerowiç erk edýärler. 404-nji belgili ýük ulagyny Aleksandr Wasilewskiý sürýär we oňa Dmitriý Wihrenko we Anton Zaporoşenko şturmanlyk edýärler.
Halkara awtorallisine Gazagystanyň «MobilEx racing team» toparynyň wekilleri-de gatnaşýarlar. Halkara ralli ýaryşlaryna ozal hem birnäçe gezek gatnaşan topar Garagum sährasyna «Toyota» kysymly sport ulaglary bilen çykdy. Toparyň düzüminde Gazagystanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ýolbaşçysy Marat Akbarow, belli ralliçi Kanat Şagirow, onuň ogly Ýerdan Şagirow hem-de Kirill Çernikow ýaly ralli dünýäsiniň görnükli wekilleri hem bar. Topar halkara ýaryşyna sport ulaglarynyň dördüsi bilen gatnaşýar. Ulaglaryň ählisiniň-de Türkmenistana getirilmeziniň öňüsyrasynda çöl-sähra şertlerinde geçiriljek ýaryşa laýyk derejede abatlanylandygyny nygtamak zerur.
Bu eko-reýdiň ähmiýeti barada dünýäniň habar beriş ulgamlarynda täsirli çykyşlar ýerleşdirildi we ol «Turkmen Desert Race» diýen ada mynasyp boldy. Bu uly ähmiýetli sport çäresi barada Gruziýanyň, şeýle hem Hindistanyň, Rumyniýanyň, Azerbaýjanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň internet saýtlarynda hem-de neşirlerinde her gün diýen ýaly maglumatlar yzygiderli berlip durulýar...
Lebap welaýatynyň çäklerinden badalga alan awtoulaglar şol gün yzly-yzyna “Mary” düşelgesine” geldiler...Pellehana ilkinji bolup, 100-lik belgili ulagyň ekipajy geldi!
Biz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre meşhurlygyny has-da belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljak bu halkara ralli-reýdine gatnaşýan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle-de ähli türkmen türgenlerimize uly ýeňişler arzuw edýäris!
Merkezi saýlaw topary.