TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

UMUMYMILLI FORUM

2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçiriler. Bu umumymilli forumyň hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň syýasy durmuşynda nähili uly ähmiýete eýe boljakdygy barada gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi Amangeldi GANDYMOWA ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň  berdi:

-- Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň ygtyýarlyklaryny has-da giňeltmek üçin onuň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek we Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyjy 2017-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Ahal welaýatynda geçirilen maslahatynda doly goldanylypdy we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlenilen bu Kanun deputatlar tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky düzgüniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine girizilmegi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegine we ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basylmagyna mümkinçilik döretdi. Halkyň bähbidine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edara Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket eder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlyga görä, ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar. Ozalky Ýaşulular maslahatyndan tapawutlylykda, Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary giňeldildi we oňa Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak; döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak we makullamak, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak; Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly meseleler girizildi.

Halk Maslahatynyň düzüminde halkyň agzybirligini berkitmäge, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga saldamly şahsy goşandyny goşan, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat işinde we işiň gaýry görnüşlerinde uly hyzmatlary bitiren adamlar hem maslahata gatnaşmak üçin çagyrylyp bilner. Kanun esasynda şeýle ygtyýarlyklar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna degişli edildi. Bu ählihalk maslahatynda ýurdumyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we ýurdumyzda milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrar.

Soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän çuň demokratik özgertmeler türkmen jemgyýetiniň hil taýdan ösüp, kämilligiň täze derejelerine göterilmegini üpjün etdi. Ýurtda demokratik ösüşiň esasy bolan syýasy köpdürlüligiň – köp partiýalylygyň döremegine, dürli gatlaklaryň pikirlerine çuň hormat goýulmagyna getirdi. Diýarymyzda amal edilýän jemgyýetçilik-syýasy çäreler barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty esasynda dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň özüniň syýasy durmuşynda halkara derejesinde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýoluny saýlap alandygyny buýsanç bilen aýratyn nygtamak gerek.

Ýurdumyzda öňden bäri hereket edip gelýän Türkmenistanyň Mejlisi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary we Geňeşler wekilçilikli edaralar bolup durýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen bolsa, şol wekilçilikli edaralaryň sany ýene-de köpeldi. Şonuň netijesinde hem halkyň erkin pikiri, erk-islegi esasynda döwleti dolandyrmaga gatnaşmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi giňeldildi.

Munuň özi Konstitusiýamyzyň 3-nji maddasynda bellenilen «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlen şertleriň berjaý edilýändigini görkezýär.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bu wekilçilikli edaranyň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Konstitusion kanunda bellenilen we saýlaw geçirilmezden girýän ygtyýarly wekiller bilen bir hatarda welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly jemgyýetçilik köpçüliginiň arasyndan saýlanylýan agzalar hem girýärler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu agzalary bolsa syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň toparlary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan geçirilýän ýygnaklarda ara alyp maslahatlaşmak we açyk ses bermek arkaly hödürlenilýär.

Şu ýerde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň toparlary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini hödürlemek işleriniň aýanlykda geçirilendigini, ýagny bu işleriň ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde alnyp barlyşy barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilata yzygiderli habar berlip durlandygyny aýratyn bellemek gerek.

Munuň özi bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň habar kepillikleriniň doly manysynda berjaý edilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleriniň demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak häsiýetlerine eýe bolmagy, şonuň netijesinde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegi halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň aýratyn bellenilip geçilmäge mynasyp bolan demokratik aýratynlygydyr.

«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen şu ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekilleriň aglabasynyň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly saýlanylmagy bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan saýlawly demokratiýanyň we halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň  nobatdaky dabaralanmasy bolup taryha girer.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, bu mejlisde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmegiň, ony kämilligiň täze derejelerine götermegiň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak hem göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzyň has-da demokratiýalaşmagyna, raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň ösüşiniň döwrebap derejede we halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine ýakyndan ýardam berip, öz agzybir, merdana, zähmetsöýer halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

 

Gürrüňdeşligi ýazga geçiren 
Agadurdy AKMYRADOW.