TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TARYHY ÄHMIÝETLI SYÝASY WAKA

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň durmuşynda uly syýasy wakalaryň birine öwrüldi. Bu umumymilli forum ösüşiň täze belentliklerine göterilen türkmen jemgyýetinde amala aşyrylýan giň we çuň özgertmeler bilen bagly çözgütleri kabul edýän Halk Maslahaty hökmünde uly syýasy ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin hem biz umumymilli forumyň işi barada gürrüň bermegini sorap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň agzalary — Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygynyň orunbasary Allaberdi USSAÝEWE hem-de Merkezi toparyň kätibi Amangeldi GANDYMOWA ýüz tutduk. Şonda olar bize şulary gürrüň berdiler:

 

A.Ussaýew: — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde biz  jebis, agzybir türkmen jemgyýetiniň hil taýdan ösüp-özgerendiginiň, onuň dürli gatlaklarynyň arasynda bolsa, ajaýyp sazlaşygyň emele gelendiginiň ýene bir gezek şaýady bolduk. Munuň şeýledigini forumda edilen çykyşlaryň we onda kabul edilen çözgütleriň mazmuny hem doly tassyklaýar. Özgerýän kämil jemgyýetimiz üçin özboluşly şamçyraga öwrülen milli Liderimiziň çykyşynda bolsa, Türkmenistan döwletimiziň diňe bir syýasy, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem kanunçylyk babatynda hem kämil ýurtlaryň birine öwrülendigi hemmetaraplaýyn esaslandyrylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geňeşli mejlisiniň öz demokratik köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy bu forumda edilen çykyşlardan hem aýdyň görünýär. Biziň ýurdumyzda öňden bäri-de wekilçilikli edaralaryň hereket edip gelýändigi hemmämize mälimdir. Türkmenistanyň Mejlisi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary we Geňeşler şol wekilçilikli edaralaryň hataryna girýärler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen bolsa, şol wekilçilikli edaralaryň sany ýene-de köpeldi. Netijede, hemişelik Bitarap Türkmenistanda raýatlaryň erkin pikiri, erk-islegi esasynda döwleti dolandyrmaga gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn nygtamalydyrys.

Demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we olary kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak, jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegi ýaly ýagdaýyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Aşgabatda geçirilen bu birinji mejlisinde höküm sürendigini aýratyn bellemek möhümdir. Şeýle hem bu umumymilli forumyň ähli ugurlarda uly ösüşler gazanyp, dünýäniň gülläp ösen ýurtlarynyň birine öwrülen  Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň baýram edilýän günleriniň öňüsyrasynda geçirilmeginiň özboluşly manysynyň bardygyny nygtamak isleýärin.

A.Gandymow: — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine goşulan wekilleriň bäsleşik esasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylmagy bu forumyň tapawutly aýratynlygydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän jemgyýetçiligiň wekilleriniň ses bermegiň netijelerine laýyklykda kesgitlenilmegi bolsa ýurtda demokratik ösüşleriň barha giň gerim bilen ýaýbaňlanýandygynyň  nyşanydyr.

Bu umumymilli forumyň agzalarynyň ählisiniň ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzyň has-da demokratiýalaşmagyna, raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň ösüşiniň döwrebap derejede we halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine giň mümkinçiliklerdir şertler döredýän, merdana türkmen halkyny ösüşiň demokratik ýoly bilen has röwşen, şuglaly geljege alyp barýan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz alkyşlary, hoşallyklary bolsa, Halk Maslahatynyň işiniň örän ýokary netijelere eýe bolandygynyň alamaty bolup ýaňlandy.

— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren
Agadurdy AKMYRADOW.