TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

04 Few

Aşgabatda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy

Şu gün paýtagtymyzyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk “Mekan” köşgünde geçirilip, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga 12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlara taýýarlyk görlüşiniň barşyna we saýlawlaryň geçişine baha bermek üçin paýtagtymyza gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň toparynyň wekilleri gatnaşdylar.

Raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan adamy S.Nurnepesowyň durmuş ýolunyň esasy pursatlary barada gürrüň berip, ony öňde goýlan wezipeleri çözmekde hünär ussatlygy we başarnygy bilen işgärleriň arasynda abraýa we hormata mynasyp bolan tejribeli hem-de guramaçyl ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bu ýere ýygnananlaryň öňünde saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen çykyş etdi. Onuň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetiň her bir pudagyny ösdürmegiň mümkinçiliginiň netijeli we oýlanyşykly peýdalanylmagy, maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, maliýe-bank işiniň kämilleşdirilmegi maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. Energiýa serişdeleriň eksportunyň köpugurly iberilmegi özüniň ileri tutulýan ähmiýetini saklar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyna, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, bedenterbiýe we sport ulgamlary üçin döwrebap desgalaryň gurulmagyna, ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyna, ulag-aragatnaşyk düzümleriň ösdürilmegine aýratyn üns berler.

Geljege niýetlenen özgertmeleriň hatarynda himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bar. Hususan-da, ýurdumyzda tebigy gazyň hem-de gazylyp alynýan beýleki peýdaly baýlyklaryň uly gorlarynyň bolmagynyň azot we kaliý dökünlerini, dürli himiýa önümlerini öndürmek boýunça kuwwatlyklary artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Gün tertibinde, şeýle hem Garabogazköl aýlagynyň suwmineral baýlyklaryny, Balkanyň ýodbromly känlerini, Garlygyň, Garabiliň hem-de Týubegetanyň we türkmen topragynyň beýleki künjekleriniň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmek baradaky mesele boldy.

S.Nurnepesow duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berip, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny, ulag pudagyny we durmuş ulgamyny, şeýle hem ýaşlaryň işe ýerleşmegini, şäherlerde we günbatar sebitiň obalarynda ýaşaýyş jaý gurluşygyny kämilleşdirmek boýunça meýilnamalary giňişleýin düşündirdi.

Dalaşgäriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry mikro we makroykdysady işleriň ylmy esasda dolandyrylyşyny guramak arkaly strategik meýilnamalaşdyrmagyň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek bolup durýar.

Gyzyklanma bildirip üns berendikleri üçin duşuşyga gatnaşanlara hoşallyk bildirip, S.Nurnepesow bu ýere ýygnananlary özüniň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda ähli güýjüni, bilimini we tejribesini ýurdumyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, mähriban Watanymyzyň halkara derejesinde abraýyny we şöhratyny ýokarlandyrmaga sarp etjekdigine ynandyrdy.

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...