2016-njy ýylyň 26-njy dekabrynda Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi we raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen: Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow; “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow; Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow; Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiç; Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige bellige alyndy.
Dalaşgärlere Merkezi saýlaw toparynda şahsyýetnama gowşuryldy. Bu çärä Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şeýlelikde, syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 3-si, raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan bolsa 6-sy hödürlenildi we dalaşgärleriň jemi 9-sy bellige alyndy. Häzirki wagtda dalaşgärleriň öz maksatnamalary barada telewideniýede çykyş etmekleri dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...