Hormatly Prezidentimiziň uly aladalary netijesinde, Türkmenistanyň saýlaw ulgamy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýar.
Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan bu saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.
Dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de degişli saýlaw okruglarynyň çäginde ýaşaýan raýatlar toparlary gatnaşýarlar.
2019-njy ýylyň 13-nji fewraly ýagdaýyna görä, jemlenen maglumatlara laýyklykda, saýlaw okruglarynyň jemi 124-sinde saýlawlar geçiriler, şol sanda: 3-sinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary, saýlaw okruglarynyň 4-sinde welaýat Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary, saýlaw okruglarynyň 15-sinde etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary, saýlaw okruglarynyň 102-sinde bolsa Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.
Häzirki günlerde bu saýlaw okruglary boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri has-da giň gerime eýe boldy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işleriniň erkinlik we deňhukuklylyk, aýanlyk we açyklyk şertleriniň berjaý edilmegi, şeýle-de saýlaw okruglary boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa, bu saýlawlaryň demokratik ýörelgelere esaslanýandygyny görkezýär.
Dalaşgärleri hödürlemek işleri 2019-njy ýylyň 28-nji fewralyna çenli dowam edýär.
Şeýle-de, 2019-njy ýylyň 13-nji fewraly ýagdaýyna görä jemlenen maglumatlara laýyklykda, saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 220-si döredildi hem-de saýlawlaryň kanunalaýyk geçirilişine syn etmek üçin milli synçylaryň jemi 284-si bellige alyndy.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany!» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlar boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işlerine ser salanyňda, ýurdumyzda demokratiýanyň has-da dabaralanýandygyny görmek bolýar.
A.Gandymow,
Merkezi saýlaw toparynyň kätibi.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...