2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi boldy. Onda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirilen saýlawlaryň ýurdumyz boýunça netijeleri jemlenildi.
Mejlisde bellenilişi ýaly, bu gezekki saýlawlar bäsleşik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçip, ol Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan beýik özgertmeler ugruna ygrarlydygynyň tassyknamasyna öwrüldi.
Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ähli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Saýlaw okruglarynyň 125-siniň çäginde we 222 saýlaw uçastogynda ses bermek geçirildi.
Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän döwründe saýlawçylaryň işjeňligi bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä:
Mejlisiň onuň dowamynda saýlawlaryň gutarnykly netijeleri yglan edildi. Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyz boýunça 7 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisine 3 deputat saýlandy, 11 dalaşgärden welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 4 we 36 dalaşgärden etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 16 agza saýlandy. Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 227-sinden 102 agza saýlandy diýlip ykrar edildi. Saýlawlaryň ählisi boýunça jemi bellige alnan 281 dalaşgärden 125 wekil saýlandy. Munuň özi saýlaw okruglarynda bir orna iki we ondan-da köp dalaşgäriň bäsleşendigini görkezýär.
Möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ornuna Daşoguz welaýatynyň 54-nji «Baýdak» saýlaw okrugy boýunça Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa; Mary welaýatynyň 106-njy «Wekil» saýlaw okrugy boýunça Ata Öweznepesowiç Serdarow; 109-njy «Sakarçäge» saýlaw okrugy boýunça Mekan Çaryýewiç Gurbanow saýlandylar. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda milli parlamentiň saýlanylan deputatlaryna şahadatnamalar gowşuryldy. Şol pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy edarasynda halkyň doly hukukly wekilleri bolup durýarlar.
Mejlisiň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna Demokratik partiýadan 47, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 6, Agrar partiýadan 27, raýatlar toparyndan bolsa 45 adam saýlandy.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň sanawy tassyklanyldy. Hereket edýän milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda, olar baradaky maglumatlar ýakyn günlerde metbugatda çap ediler.
Çykyş eden paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary halkymyz tarapyndan görkezilen dürli milletleriň wekillerinden ybarat bolan halkyň saýlanan wekilleriniň bilim we hünär derejesine ýokary baha berdiler. Olaryň hatarynda döwlet edaralarynyň gullukçylary, milli ykdysadyýetimiziň senagat, bilim, ylym, saglyk, medeniýet we sungat pudaklarynyň hünärmenleri, oba hojalyk we beýleki ulgamlaryň işgärleri bar.
Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini nygtadylar.
Saýlaw çäreleriniň ähli tapgyrlarynyň geçişine milli synçylaryň 357-si gözegçilik etdi. Olaryň hatarynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň, raýatlar toparlarynyň we dalaşgärleriň wekilleri bar. Milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.
Mejlisiň dowamynda bu ýere ýygnananlara hem-de saýlawlara gatnaşanlara, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň maglumat taýdan netijeli üpjün edilendigi we ony guramaga jogapkärli gatnaşandyklary, döwletiň demokratik esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berendikleri üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.
Türkmenistanda häzir amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň halk häkimiýetiniň iň gowy milli däpleriniň esasynda geçýändigini bellemek bilen, mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan we bu işleriň ösdürilmegine kuwwatly itergi beren oňyn hem-de öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdiler.
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...