TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

20 Maý

Dostluk gatnaşyklary dabaralanýar

Şu ýylyň 19-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mej­li­sin­de Russiýa Federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar mälim edildi. Habarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşandygy, şeýle-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanylandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz öz minnetdarlygyny bildirip, bu sylaga Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem-de däp bolan türkmen-rus dostlukly, hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de bu sylag Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyza belent halkara abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zy  ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.    Hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, mertebesi belent bol­sun! Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan  işleri hemişe rowaç alsyn!

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...