TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Iýun

Ýokary derejede geçirilen gepleşikler

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz  Russiýa Federasiýasyna resmi iş saparyny amala aşyrdy.  Bu sapar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň  döwlet ýolbaşçysy wezipesinde resmi ýagdaýda ilkinji daşary ýurt saparyny hut Russiýa Federasiýasyna amala aşyrandygy aýratyn bellärliklidir.

Iş saparynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen ikiçäk görnüşdäki gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar. Soňra Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine «Dostluk» ordenini gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz rus Liderine hem-de wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, bu ýokary sylaga mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny we ony ýurdumyza goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şeýle-de, ençeme ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...