TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

30 Dek

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, örän parasatlylyk bilen nygtady.

Ýeri gelende bellesek, eziz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygynyň doly keşbini beýan edýän, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, demokratik  ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyň­lygy bilen subut edýär. Çünki, saýlawlar syýasy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň demokratiýalaşýandygynyň şöhlelenmesidir we netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Saýlawlar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir we raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.

Şu nukdaýnazardan, saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça II möwsüminde okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2022-nji ýylyň 29-nji dekabrynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.

Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlaryň döredilişi we ygtýarlyklary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, geçen ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň aýratynlyklary, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2023-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny täze derejede mynasyp dowam etdirip, demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda – eziz Watanymyzda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem ýetip gelen täze 2023-nji ýyl bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar.

24 Maý
2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri we araçäkleri barada maglumat

1-nji saýlaw okrugy: Araçäkleri: Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Bajam Kowusow köçesiniň 2-13, 21, 23, 25, 27, 29-njy ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar.   2-nji sa...

24 Maý
Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlandy

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Saýlaw möwsümi...

22 Maý
Deputatlar üçin täze ýaşaýyş jaýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy...

22 Maý
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklaryň täze ugurlary

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-19-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, Hytaý Halk Re...

17 Maý
Gadymy mirasymyz dünýä ýaýylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arka...

16 Maý
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda çykaran karary esasynda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji...

12 Maý
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa açylýar

Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýy­lyň 10-11-nji maýyn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparyny amala aşyrdy. Ýeri gelende a...

11 Maý
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde geňeş agzalarynyň saýlawlary geçiriler

Ýurdumyzyň taryhynda we halkyň hakydasynda aýratyn yz galdyran şahsyýetleriň adyny ebedileşdirmek babatda amala aşyrylýan işlerden ugur alyp, türkmen halkynyň gadymy atçylyk sungatyny ösdürmekde, ahal...