2023-nji ýylyň 26-njy martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Saýlawçylaryň saýlaw uçastoklarynda ses bermekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, öňünden ses bermek 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan başlandy.
Saýlaw uçastoklarynda öňünden ses bermek her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär.
Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek, degişli saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen saýlaw hukukly raýatlar saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastoklarynda ses berip bilerler!
Mälim bolşy ýaly, bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 26-njy martda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.
Şeýle-de, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda hem saýlawçylaryň öňünden ses bermek hukuklaryny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi.
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...