Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary köppartiýalylyk, syýasy köpdürlülik, bäsleşik, açyklyk, aýanlyk esasynda, demokratik şertlerde guramaçylykly geçirildi. Ýakynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlanylanlara şahsyýet-namalar gowşuryldy we olaryň birinji mejlisleri geçirildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ýurdumyz boýunça welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna syýasy partiýalar we raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň arasyndan welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalygyna 240, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 960, Geňeşleriň agzalygyna bolsa 5897 adam saýlandy.
Diýarymyzda höküm sürýän agzybirligiň, jebisligiň, türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň içki sazlaşygynyň, kämilliginiň, işjeňliginiň doly keşbini beýan eden bu saýlawlar, milli demokrati-ýamyzyň özboluşly rowaçlanmasynyň akabasy hökmünde halk hakydasynyň şöhratly taryhyna girer.
Halk wekilleri mejlislerde çykyş edip, öz saýlawçylarynyň bildiren ýokary ynamyny ödemek üçin halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň berkidilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda ähli güýjüni, tejribesini, bilimini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Indi Türkmenistanyň raýatlarynda ýurdumyzyň syýasy durmuşyna gatnaşmak üçin düýbünden täze mümkinçilikler açyldy diýip, olar bellediler.
Mejlisleriň barşynda nygtalyşy ýaly, saýlanylan agzalaryň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, täze taryhy şertlerde döwlet häkimiýetiniň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekillerine hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň we iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orun degişlidir. Saýlanylan agzalar hem öz gezeginde Garaşsyz Watanymyzy has-da ýokary sepgitlere çykarmakda, arassa, halal işläp, ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar. Mejlislerde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryna girýän wezipeleri çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi we guramaçylyk meselesine seredildi.
Bu geçirilen möhüm syýasy çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştu-tanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim boldy. Bu başlangyçlar ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup durýan demokratik ýörelgelerimizi çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmakdan ugur alnyp, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kämilleşdirilmeli».
Şonuň bilen birlikde, saýlawlarda toplanan tejribeleri hem-de dünýä tejribelerini saýlaw kanunçylygyna ornaşdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet reýestri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem geljekde wekilçilikli edaralary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, örän parasatlylyk bilen nygtady.
...Hawa, halkara talaplarynyň derejesine laýyklykda geçirilen pasly bahardaky bu jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistan döwletimizde demokratik saýlawlaryň çuň kök urandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...