Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde geçirilen sala salşyklara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Sala salşyklaryň esasy meselesi: «Siz Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» Özbegistanyň Konstitusion Kanunyny kabul edýärsiňizmi?» diýlen sowaldan ybarat boldy.
Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylda kabul edilip, ozal hem jemi 15 gezek üýtgemeler we goşmaçalar girizildi. Şu ýylyň 30-njy aprelinde geçirilen sala salşyklarda kabul edilen «Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» konstitusion kanun 1-nji maýda - yglan edilen gününden güýje girdi.
Iş saparynyň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, sala salşyklar hakyndaky kanunçylyk, sala salşyklarda saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi bilen tanyşdylar. Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, 14 sany okrug saýlaw toparlary we 10 813 sany uçastok saýlaw toparlary sala salşyk toparlarynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek bilen amala aşyrdylar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2023-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň kätibi H.T.Mamatow bilen duşuşdylar, 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.N.Lebedewiň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine gatnaşdylar.
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...