Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň guramalary gatnaşýarlar.
Şu günler geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar tarapyndan hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar dowam edýär. Dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde we ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşylýar. Olaryň içinden ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşiň agzalygyna has mynasyplar dalaşgärlige hödürlenilýär.
Çykyş edenler her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň terjimehaly, il içindäki, işdeşleriniň arasyndaky abraýy, iş başarjaňlyk, guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar.
Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň – 23-nji iýunyna, bellige almak bolsa, 2023-nji ýylyň –28-nji iýunyna çenli dowam eder.
23-nji iýulda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän, täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň binýadyny emele getirýän halkymyzyň demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň subutnamasy bolar.
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...