TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

19 Iýun

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolmak bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýändigini alamatlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz  Arkadag şäherinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Türk­men hal­kynyň Milli Liderininiň başlangyjy bilen, gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen, Köpetdagyň eteginde täze binýat bolan, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän owadan keşbe eýe boldy.

Hal­ky­myz­da «Şä­her gur­mak — ýal­kanyş, bi­na gur­mak — so­gap iş» di­ýen ýör­gün­li aýt­gy bar. Arkadag şäheri ýurdumyzda, hatda tutuş sebitde amala aşyrylýan iň iri innowasion şähergurluşyk taslamasydyr. Häzirki günlerde  türkmen halky möhüm wakanyň — Köpetdagyň eteginde täze eýýamyň gudraty bolup dörän Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Täze şäheriň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Munuň şeýledigine ýakynda Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär.

Mejlisden soňra, hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna ak pata berip, ýadygärlik ýazgy galdyran gutujygyny geljekde  bina ediljek desgalaryň biriniň düýbüne atdy. Täze guruljak binanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny oklap, täze şäheriň nobatdaky desgalarynyň gurluşyklaryna badalga berdi.

Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda, esasan, ýaşaýyş jaýlary, durmuş-medeni maksatly desgalardyr edara binalary guruldy. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bolsa ekologik talaplara laýyk gelýän, çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak, şäheriň jemagat hojalygynyň işini ýokary derejede guramak üçin häzirki zaman tehnikalaryny we beýleki döwrebap enjamlary almak, olary netijeli ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işler ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar, bu ýerde öndüriljek önümler bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda wajyp orny eýelär.

Arkadagly Serdarymyz Arkadag şäheriniň sanly mümkinçilikleriniň üstüni ýetirjek täze, döwrebap elektroulaglary şähere sowgat berdi. Hormatly Prezidentimiz elektromobilleriň hem-de elektrobuslaryň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli ulaglaryň açarlaryny Arkadag şäheriniň häkimine gowşurdy.

Şeýle-de, ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm waka — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy hem berildi. Şu çärelere gatnaşanlaryň ählisine «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitap sowgat berildi.

 

 

 

 

 

 

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...