Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji iýulynda ýerli öz-özüňi dolan-dyryş edarasy bolan geňeş agzalarynyň saýlawlary Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde geçiriler. Bu geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemeklik tamamlandy. Hödürlenilen dalaşgärleri Aba Annaýew şäherçe saýlaw toparynda bellige almak we dalaşgärlere şahsyýetnama gowşurmak işleri hem guramaçylykly geçirildi.
Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgärleriň ählisi erkin we deňhukuklylyk esaslarynda hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanyp geçirilen ýygnaklaryň dowamynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşyldy. Olaryň içinden ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşiň agzalygyna has mynasyplar dalaşgärlige hödürlenildi. Munuň özi, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgelerimiz esasynda, giň bäsleşlik şertlerinde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçjekdigini aňladýar. Hödürlenilen dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň bardygy hem bellärliklidir.
Şahsyýetnama gowşurmak dabarasynyň barşynda nygtalyşy ýaly, ýakyn wagtda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirip başlarlar.
Şeýle-de, şu günler öňde boljak saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlary ilatyň dykgatyna ýetirmek we olary saýlaw býulletenine girizmek, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige almak, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny guramak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek we takyklamak, saýlaw resminama-laryny çap etmek ýaly beýleki taýýarlyk işleri hem dowam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...