Bilişimiz ýaly, 29-njy iýunda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we yzygiderli üns-goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän owadan keşbe eýe boldy.
Arkadag şäheriniň açylyşy taryhyň täze sahypasynyň, täze gözýetimleriň, täze mümkinçilikleriň açylyşyna öwrüldi. Onda uly ösüşlerimiz, täze zamananyň belent ruhy aýdyň beýanyny tapdy. Bu dabara Görogly begiň: «Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana!», Magtymguly Pyragynyň: «Ýagşylar tutmuş bina, bir şähri gördüm — şondadyr» diýen sözleriniň biziň günlerimizdäki wysaly bolup, döwürlere ýaň salar.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edilip, şol sanda jemgyýetçilik binalarynyň 11-si, edara binalarynyň 25-si, bilim edaralarynyň 19-sy, ýaşaýyş jaýlarynyň 258-si, saglyk we sport binalarynyň 9-sy, inženerçilik ulgamlarynyňdyr desgalarynyň 14-si guruldy. Şunlukda, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze işli, täze jaýly bolmaga mümkinçilik aldylar.
Şol gün, şanly waka mynasybetli Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda, bu ýerde döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym—sazly çykyşlary, şeýle hem dabaraly baýramçylyk ýörişi guraldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgünde Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli guralan dabara hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygyna halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan täsin şähere berlen 20-den gowrak güwänama we diplomlar gowşuryldy. Munuň özi täze şäheriň bütin dünýäde belent ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli toý sadakasy hem berildi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary gutlap hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäheriniň desgalarynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlendigini aýdyp, hemmeleri baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem, Arkadag şäheriniň häkimliginde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň açylmagy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan we täze özgertmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýän, döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, eziz Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän Türkmenistanyň şöhratly taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypany alamatlandyrdy.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky w...
2025-nji ýylyň 18–21-nji fewraly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek...
2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geç...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşen...
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly m...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylyg...
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýy...