TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

11 Iýul

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň wekilleri 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.  Şeýle-de, Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri GDA agza döwletleriň saýlaw guramalaryndan hormatly myhman hökmünde çagyrylan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň saýlaw guramalarynyň ýolbaşçylarynyň konsultatiw geňeşiiniň birinji maslahatyna hem gatnaşdylar.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek işlerini Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary we 14 sany okrug saýlaw toparlary amala aşyrdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermegi geçirmek üçin 10840 saýlaw uçastogy (şol sanda 56-sy daşary ýurtlarda) döredildi.

Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň berýän maglumatyna görä, saýlawlarda halkara synçylarynyň 800-e golaýy saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Z.M.Nizamhojaýew bilen duşuşdylar. Şeýle hem şol gün ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.N.Lebedewiň ýolbaşçylygynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň geňeşine-de gatnaşdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça bäsleşen 4 dalaşgäriň arasynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 87,05 göteriminiň sesini alyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine Mirziýoýew Şawkat Miromonowiç saýlandy.

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...