Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-saud gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen däplerine ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle däpleriň biri hem haj parzyny berjaý etmek bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanda biziň ildeşlerimize köpasyrlyk ruhy däplere eýerip, yslamyň mukaddesliklerine baryp görmek üçin ähli şertler döredildi.
Şu ýylyň 29-30-njy iýunynda Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda bolandygyny, şol ýerde Mekgede haj parzyny berjaý edendigini we gurbanlyk sadakasyny berendigini bellemek gerek. Gurbanlyk sadakasynda hajy Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aganyň we käbesi Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagy dileg edildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen pursadyndan ilkinji daşary ýurt saparyny hut yslam dünýäsiniň mukaddes topragyna amala aşyrandygy we şol ýerde umra haj dessurlaryny berjaý edendigi bellärliklidir.
19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki sammitiniň geçirilýän ýeri bolan «Ritz-Carlton» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýerministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud mähirli garşylady.
Mälim bolşy ýaly, alty ýurt — Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy 1981-nji ýylda döredilen bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar.
Ýokary derejede geçirilen duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.
Sammitiň gün tertibine özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri girizildi.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, geçirilýän duşuşygyň netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sammitiň dowamynda eden çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bar bolan ählumumy wehimler we howplar döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, energetika pudagyna hem giň orun berilýändigini, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri döwlet Baştutanymyza doly derejeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilen çuň many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirdi. Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini nygtadylar.
Jidda şäherinde geçirilen ýokary derejedäki sammit umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm duşuşyk boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...