Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Baş Assambleýa BMG-niň esasy maslahat, görkezme beriji we wekilçilikli edarasy bolup durýar. Ol halkara meseleleriň ähli ugurlaryny köptaraplaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak üçin köpugurly forumdyr. Däbe görä, her sessiýanyň çäklerinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki mejlisler, maslahatlar geçirilýär.
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Watanymyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar. BMG-niň öňdebaryjy ugurdaş edaralarynyň düzümine Türkmenistanyň yzygiderli saýlanmagy ýokarda aýdylanlara şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryna birnäçe gezek wise-başlyklyk edendigini bellemek has-da ýakymlydyr.
Iş saparynyň meýilnamasynyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden eden çuň manyly taryhy çykyşynda, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyç-laryny beýan etdi.
Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler. Arkadagly Serdarymyz öz çykyşyny Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusyndaky şeýle setirler bilen tamamlamak isleýändigini aýtdy.
Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: «Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!» diýip arzuw etdi.
Şeýle hem saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda ykdysady we energetika hyzmatdaş-lygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, sebit howpsuzlygy, şeýle hem dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy.
Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky özara düşünişmek we işjeň häsiýete eýe bolan gatnaşyklar ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine bu gezekki iş sapary Watanymyzyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine easaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öza...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Malaýziýa resmi sapa...
2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Mil...
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-p...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Wengriýa iş saparyny amala aşy...