TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

27 Okt

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda ösüş hem rowaçlyk ýolundan ynamly öňe gadam urýar. Ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, örän parasatlylyk bilen nygtady.

Elbetde, demokratik döwletimizdäki halk bilen döwletiň jebisligi bolsa, ähli ösüşleriň baş badalgasydyr.Ýeri gelende bellesek, eziz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň jebisligini, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygyny köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, demokratik  ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyň­lygy bilen subut edýär. Çünki, saýlawlar syýasy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň demokratiýalaşýandygynyň şöhlelenmesidir we netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Saýlawlar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir we raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.

Saýlaw ulgamynyň işi bilen giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça  okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.

Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlaryň döredilişi we ygtýarlyklary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlara sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, saýlaw ulgamynda halkara gatnaşyklary we halkara synçylary, şeýle hem 2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzda guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary, şeýle-de, 23-nji iýulda  geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary we olaryň jemleri barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny mynasyp dowam etdirip, demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda – ata Watanymyzda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar.

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...

05 Maý
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...

05 Maý
Ýurdumyzda täze Halkara howa menzili açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...

24 Apr
Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...

23 Apr
Türkmenistan – Gazagystan: dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...

16 Apr
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda täze gözýetim

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Osaka şäherinde geç...