TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

15 Maý

Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahaty geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan Aşgabat şäher, Berkararlyk, Köpetdag etrap we üç okrugyň saýlaw toparlarynyň  agzalary we syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň Aşgabat şäher, Berkararlyk we Köpetdag etrap guramalarynyň, şeýle hem şäher, etrap häkimlikleriň saýlawlar boýunça iş alyp barýan jogapkär wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, Aşgabat şäher, etrap, okrug we uçastok saýlaw saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary barada düşündirildi.

Şeýle-de, maslahatda 8-nji maýda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek we 18-nji maýda başlanjak dalaşgärleri bellige almak möwsümi bilen baglanyşykly, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna  dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de olary okrug saýlaw toparynda bellige almagyň we degişli saýlaw resminamalaryny doldurmagyň tertibi, şeýle hem degişli saýlaw toparlary tarapyndan ses bermegiň netijeleri hakynda teswirnamalary düzmegiň tertibi barada giňişleýin düşünje berildi.

Okuw maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlaryň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtap, saýlaw toparlarynyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...