TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

05 Maý

Ýurdumyzda täze Halkara howa menzili açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň gi­ňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Häzirki wagtda şu ýy­lyň aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gu­ral­jak we se­bit hem-de dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky dia­lo­gy iş­jeň­leş­dir­mek­de mö­hüm ädim bol­jak Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji hal­ka­ra mas­la­ha­ty­na yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlaryny diňledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgustynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyny belledi. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek bu halkara ähmiýetli foruma gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygy nygtaldy.

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşýanlara hem-de watandaşlarymyza ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýändigini belledi. «Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri bu döwrebap desganyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesip, Balkanabat Halkara howa menzilini açdy. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deň­dir. Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar ýerleşýär. Şeýle-de howa menziliniň çäginde barlag-geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar. Bu ýerde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi, 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş di­ňi göz öňünde tutulypdyr. Dolandyryş di­ňiniň beýikligi 44,05 metre, umumy meýdany 410,92 inedördül metre deň bolup, onuň daşky görnüşinde özboluşly bezeg we inženerçilik-tehniki çözgütler öz beýanyny tapýar. Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diň­ledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowynyň parasatly ýolbaşçylygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek boýunça giň möçberli işler dowam edýär. Ýur­du­myz­da ra­ýat awia­si­ýasy­nyň maddy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, onuň       üs­tü­ni tä­ze uçar­lar bi­len ýe­tir­mek, pu­dak üçin ýoka­ry  hü­när­li işgärleri taý­ýar­la­mak, döw­re­bap ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak we dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýunça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ho­wa men­zil­le­ri­niň maddy - en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak we ozal bar bo­lan­la­rynyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de gys­ga   döw­rüň için­de Türk­men­ba­şy hem-de Türk­me­na­bat şä­her­le­rin­de, Aş­ga­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de en­jamlaş­dy­ry­lan, dün­ýä stan­dart­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän Hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri,  şeýle-de Le­bap we­laýa­ty­nyň Ker­ki şä­he­rin­de hem Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ işe girizilip, ýolagçylara hyzmat edýär. Ynha, Balkan welaýatynda-da ýene-de bir döwrebap Balkanabat Halkara howa menzili da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy.

Şeýlelikde,  Balkan welaýatynyň Jebel şä­her­çe­sin­dä­ki Bal­ka­na­bat Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň açyl­ma­gy Türk­me­nistanyň raýat awiasiýasynyň taryhynda örän möhüm waka boldy. Balkanabat Halkara howa menzili se­bit we se­bitara üstaşyr ulag gatnawlarynda, şeýle-de «Mollagara» şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän raýatlar we syýahatçylar  üçin ýokary derejeli hyzmatlary üpjün eder.

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...