2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N. Nogaýew bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowyň duşuşygy boldy.
Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan we Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparyndan beýleki degişli adamlar hem gatnaşdylar.
Myhmanlar Türkmenistanyň saýlaw ulgamy, ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işleri alyp barýan saýlaw toparlary, olaryň döredilişi we ygtyýarlyklary hem-de amala aşyrýan işleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, G.Myradow saýlaw ulgamyndaky halkara gatnaşyklary barada gürrüň bermek bilen, Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary bilen saýlaw ulgamynda ysnyşykly, dostlukly gatnaşygyň saklanylýandygyny aýtdy.
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygyna öz hoşallygyny bildirdi. Diplomat pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň merkezi saýlaw toparynyň başlygy N.Abdirowyň salamyny we şu ýylyň 13-15-nji maýynda Gazagystan Respublikasynda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň merkezi saýlaw edaralarynyň maslahat beriş platformasynyň ilkinji maslahaty we «Türk dünýäsi: saýlaw ulgamlaryny ösdürmekde däp-dessurlar, tejribe we geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahata çakylygyny ýetirdi. Myhman sözüni dowam edip, «Gazak halky bilen türkmen halkyny medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň şeýledigine, şu ýyl Türkmenistanda «Nowruz ýaýlasynda» geçirilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşanymda doly göz ýetirdim» diýip belledi.
G.Myradow duşuşygyň ahyrynda N.Nogaýewe mundan beýläk hem Gazagystan Respublikasynyň merkezi saýlaw topary bilen Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, dostlukly gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini nygtap, duşuşyga gatnaşandyklary üçin myhmanlara ýene bir gezek öz hoşallygyny bildirdi we işlerinde üstünlik arzuw edip, duşuşygy jemledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...