TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

MAŽORITAR SAÝLAW ULGAMY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji we demokratik syýasaty netijesinde günsaýyn gülläp ösýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki ähli ulgamlar bilen birlikde ýurt Baştutanymyzyň saýlaw ulgamyna hem içgin üns berip, Merkezi saýlaw toparynyň işine ýakyndan ýardam bermegi bilen, ýurdumyzda saýlawlar milli kanunçylyklarymyz esasynda we halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär hem-de saýlaw ulgamy barha kämilleşdirilýär.

«Saýlaw ulgamy» diýip, saýlawlary geçirmek we ses bermegiň netijelerini takyklamak, saýlaw hukugyny üpjün etmekligiň tertibini düzgünleşdirmek boýunça ähli hukuk kadalaryny özünde jemleýän ulgama düşünilýär. «Saýlaw ulgamy» diýen düşünjäni gysgaça we giň manyda düşündirip bolar.

Gysgaça manysy - munuň özi dalaşgärleri hödürlemegiň, olara ses bermegiň we saýlawlaryň netijelerini takyklamagyň usullaryny aňladýar. Giň manyda alnanda bolsa, «Saýlaw ulgamy» diýip, saýlawlary geçirmegiň guramaçylyk we hukuk esaslaryna düşünilýär.

Taryhda saýlaw ulgamy özüniň birnäçe görnüşini ýüze çykardy. Dünýäniň ýurtlary bolsa amatly ýagdaýlary göz öňünde tutup, özleri üçin peýdaly saýlaw ulgamyny saýlap aldylar. Halkara tejribelerinde saýlaw ulgamynyň  bir näçe görnüşleri ulanylýar. Biziň döwletimizde mažoritar saýlaw ulgamy ulanylýar.

Adamzat taryhynda mažoritar saýlaw ulgamy iň ir we ilki ýüze çykan saýlaw ulgamydyr we halkara tejribelerinde duş gelýän esasy üç görnüşli saýlaw ulgamynyň biridir.

Mažoritar sözi «majorite» diýen fransuz sözi bolup, «köpçülik» diýen manyny aňladýar.

Mažoritar saýlaw ulgamy diýlende, dalaşgärleriň bir mandatly saýlaw okruglary boýunça we kanunda bellenilen tertipde sesleriň otnositel, absolýut we kwalifisirlenen köplügi esasynda saýlawçylar tarapyndan gös-göni saýlanylmagyna düşünilýär.

Ýagny, kime köp ses berlen bolsa, şol hem saýlanylan diýlip hasap edilýär. Beýleki dalaşgärleriň tarapyna berlen sesler bolsa öz güýjüni ýitirýär.

Mažoritar saýlaw ulgamy beýleki saýlaw ulgamlarynyň hemmesinden öň dörän saýlaw ulgamy bolmak bilen, dürli döwletlerde onuň dürli görnüşi hereket edýär. Halkara tejribelerinde beýleki iki – proporsional we garyşyk saýlaw ulgamynyň ýa-da mažoritar saýlaw ulgamynyň beýleki iki – otnositel we kwalifisirlenen görnüşleriniň hem ulanylýandygyny belläp geçmek bolar.

Biziň döwletimizde bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda mažoritar saýlaw ulgamynyň absolýut köplügi ulanylýar, ýagny ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň ýarysyndan köpüsiniň (50%+1) sesini alan dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.

Mažoritar saýlaw ulgamynyň absolýut köplüginiň bu şerti Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasynyň 3-nji böleginiň birinji tesiminde kesgitlenilendir.

Ses bermegiň bu görnüşinde şu aşakdaky sanlar takyk hasaplanylyp çykarylmalydyr:

  1. Sanawa girizilen saýlawçylaryň umumy sany;
  2. Ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň umumy sany;
  3. Hakyky däl diýlip ykrar edilen saýlaw býulletenleriniň umumy sany.

Ses bermegiň bu görnüşinde dalaşgäriň ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň azyndan näçesiniň sesini almalydygy bellenilýär. Mysal üçin 50%+1.

Bu görnüşdäki ses bermegiň kemçilikli tarapy, eger-de saýlaw okrugy boýunça bellige alnan dalaşgärleriň hiç biri-de bellenen derejedäki sesleri alyp bilmese, saýlawlar geçirilmedi ýa-da saýlawlar hakyky däl diýlip hasap edilýär. Diýmek, saýlaw okrugy boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sany näçe köp boldugyça, şonça-da ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini almaga bolan mümkinçilik azalýar. Dalaşgärleriň hiç biri hem ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini alyp bilmeýän ýagdaýlary duş gelip bilýär. Şonuň netijesinde hem saýlaw okrugynda gaýtadan ses bermeli bolýar ýa-da gaýtadan saýlawlar geçirilmeli bolýar.

Mažoritar saýlaw ulgamynyň absolýut köplüginiň alternatiw görnüşi hem ulanylýar.

Absolýut köplügi ulgamynda saýlaw okrugynda dalaşgärleriň sanynyň köp boldugyça, şonça-da olardan kimdir biriniň absolýut köp ses almagynyň mümkinçiligi azalýar. Şonuň üçin hem bu ulgam boýunça saýlawlaryň netijesiz bolmagy ýygy bolup geçýär. Munuň öňüni almagyň bolsa dürli mümkinçilikleri bardyr.

Birinji usul - alternatiw (mümkin bolan iki ýa-da birnäçe çözgütlerden birini saýlamak zerurlygy) ses bermek diýlip atlandyrylýar.

Ikinji usul – sesleriň belli paýyny toplan dalaşgärleri gaýtadan sese goýmaklykdyr. Bu saýlawlaryň ikinji tapgyry ýa-da gaýtadan ses bermeklikdir.

Elbetde, has köp partiýaly döwletlerde geçirilýän saýlawlarda mažoritar saýlaw ulgamynyň kemçilikli taraplarynyň ýüze çykmagy mümkin ýagdaýdyr.

Ýöne, halkara bilermenleri üç partiýanyň gatnaşmagynda geçirilýän saýlawlar üçin mažoritar saýlaw ulgamynyň oňaýlydygyny belläp geçýärler. Şeýle-de, mažoritar saýlaw ulgamynyň saýlawçylaryň göni saýlaw hukugyny, başga bir söz bilen aýdanyňda bolsa, saýlawlary geçirmegiň  demokratik ýörelgelerini üpjün etmekde hem ähmiýeti uludyr.

Saýlawlary geçirmekligiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny giňişleýin öwrenmek, bular barada saýlawçylaryň arasynda, saýlaw toparlarynyň arasynda düşündirişler geçirip, ony halk köpçüliginiň aňyna ýetirmek, şonuň netijesinde-de, jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak, saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda geçirilýän demokratik saýlawlaryň asyl maksady raýatlarymyzyň konstitusion hukuklaryndan peýdalanmaklary, jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen gatnaşmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýän dürli derejeli saýlawlar Türkmenistan döwletimiziň dünýäde ykrar edilýän demokratik syýasatynyň ýene-de bir ýola dabaralanmasy bolup, türkmen halkynyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesi has-da belende göterilýär.

 

Annadursun Meskutowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.