TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

26 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärler bellige alyndy

2016-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenilen, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew; Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenilen, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow; raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenilen, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Kowusowiç Annanepesow 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige bellige alyndy. Dalaşgärlere Merkezi saýlaw toparynda şahsyýetnama gowşuryldy.

Bu çärä Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlyklary, raýatlaryň teklipçi toparynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Dalaşgärleri bellige almak möwsümi 2016-njy ýylyň 24-nji dekabryndan 2017-nji ýylyň 17-nji ýanwary aralygynda dowam edýär.

11 Sent
Sanlaşdyrmak boýunça halkara maslahaty

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Saýlaw işleriniň sanlaşdyrylmagy. Gumanitar ölçegler»...

16 Awg
Iň uly ekologiýa sapagy

Şu ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümetiniň guramagynda täsin ekologiýa sapagy geçirildi. Üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu örän uly tutumly ekologiýa sa...

06 Awg
Birinji Hazar ykdysady forumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu  foruma daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz...

03 Iýul
Güwänama gowşuryldy

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda  Ahal welaýatynda açylyp ulanylmaga berlen  tebigy gazdan benzin öndürýän iň täze döwrebap senagat toplumy ykdysady we innowasion aýratynlygy bilen Ginnessiň dünýä rekor...

10 Iýun
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2019-njy ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna G...

30 Maý
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesini geçdiler

Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirme...

17 Maý
Dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasy

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisi  geçirildi   Bu mejlisde biziň ýurdumyz  BMG-niň 2020 — 2022-nji ýyllar...

04 Apr
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň saýlawlar boýunça jemleýji mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi boldy. Onda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, w...