TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Okt

«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, «Merkezi Aziýa — Russiýa» formaty tutuş Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşi hem-de abadançylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän köpugurly, özara bähbitli we strategik hyzmatdaşlykdyr. Medeniýetleriň ýakynlygy we umumy taryh bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Täjigistan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Duşenbe şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz çakylyk hem-de bildirilen myhman-söýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýokary döwlet derejesindäki özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitiniň geçirilýän ýerine — Kabul edişlikler köşgüne bardy. Ol  ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.

Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu günki ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Sammitde hormatly Prezidentimiz çykyş etmek bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň geçirilmeginiň şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini görkezýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny hem-de işjeňleşdiril-megini Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy. Ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly we netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetine belledi. Türkmenistanyň şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýar-dygyny tassyklady.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hormatly Prezidentimize çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, çykyşda beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar.

10-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolmagynyň çaklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri  «Kasri Millat» köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşy-gynyň Baş sekretary gatnaşdylar. Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlar boýunça gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak babatda şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde çykyş edip, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, GDA-nyň özüni özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk formaty hökmünde görkezýändigini, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça netijeli dialogyň alnyp barylýandygyny belledi.

«Bellenilişi ýaly, hökümetara we pudagara duşuşyklaryň mehanizmleri ýola goýuldy, medeni hyzmatdaşlygy ösdürilýär, GDA-nyň beýleki köptaraplaýyn düzümleriň we birleşikleriň işine gatnaşmagy giňeldilýär. Bularyň ählisi halklarymyzyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mehanizmi hökmünde Arkalaşygyň uly kuwwatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. GDA-nyň giňişliginde howpsuzlygyň we durnuklylygyň ygtybarly ulgamyny gorap saklamak bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.  Türkmenistan ähli agza döwletleriň hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara düşünişmegiň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy häsiýetnamasy bolmalydygyna gyzyklanma bildirýändiginden ugur alýar» diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona şu ýyl ýurdunyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň işini netijeli utgaşdyrýandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Soňra 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda  geçirmek baradaky çözgütler yglan edildi.

Soňra ýokary derejedäki duşuşyk öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Täjigistanyň Prezidenti geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigini aýdyp, ilki bilen, hormatly Prezidentimize söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmegi baradaky kabul edilen çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistana bildirilen hormatyň we ynamyň nyşany, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon çykyşy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, başlyklyk döwründe Türkmenistana üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem sammitiň çäklerinde birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyz umumy meseleler üçin innowasion çözgütleri teklip edip, Arkalaşykda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy dowam etdirýär.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...