TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

16 Okt

Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň himiýa senagaty Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okgunly ösdürilip, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegine öwrülýar. Ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär. Ýurdumyz iri mineral dökünleri öndüriji hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol taslamalar amala aşyrylanda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo» kompaniýasy ýerine ýetirer. Düýbi tutulýan bu toplumyň gurluşygynda ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek innowasion tehnologiýaly enjamlar we serişdeler ulanylar. Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder.

Toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Ol ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwrebap himiýa kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlary dörediler. Onda zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

Şeýlelikde, mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmaga bagyşlanan dabara innowasiýalar we strategik meýilnamalaşdyryş arkaly milli himiýa senagatynyň döwrüň talabyna laýyklykda üstünlikli ösdürilýändigini görkezdi. Bu pudak ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini durnukly ykdysady we tehnologik ösüş üçin binýada öwrüp, senagat taýdan kuwwatly ýurt hökmünde Watanymyzyň ornuny yzygiderli pugtalandyrmaga goşant goşýar.

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...