TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

26 Dek

Saýlawlara taýýarlanmagyň barşynda saýlaw toparlary döredilip başlandy

Şu günler ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, okrug we Geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan okrug we Geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümlerine wekilleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly, işjeň ýagdaýda geçirilýär. Mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenilýänleriň—halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işleýän tejribeli hünärmenleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşylýar. Çykyş edenler her bir hödürlenilýäniň ilat arasyndaky abraýy, olaryň işjeňlik we guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Şunlukda, her bir saýlaw toparynyň aýratyn jogapkärçiligi bellenilip, olaryň sazlaşykly we anyk işleriniň öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlige beslenmegine bagly bolup durýandygy bellenildi.

Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 240-sy: şol sanda welaýatlaryň her birinde we Aşgabat şäherinde 40 saýlaw okrugy döredildi

Şeýle hemme etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň her birinde 20, jemi 1260 saýlaw okrugy; şol sanda Ahal welaýatynda 180, Balkan welaýatynda 260, Daşoguz welaýatynda 220, Lebap welaýatynda 220, Mary welaýatynda 260 okrug, Aşgabat şäherinde bolsa saýlaw okruglarynyň 120-si döredildi we olaryň araçäkleri kesgitlenildi.

Duşuşyga gatnalyjylaryň belleýişleri ýaly, öňde boljak saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk esasynda geçer. Ol Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ugruna ygrarlydygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...