TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

16 Apr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýär. Sebäbi, biz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alyp, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýäris.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport desgalary — döwrebap stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, sport mekdepleri guruldy. Türgenlerimiziň dürli derejeli oýunlara, halkara ýaryşlara talabalaýyk taýýarlanmagy we gatnaşmagy üçin ähli şertler döredildi.

Paýtagtymyz Aşgabatda biz Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa şäherçesini bina etdik. Şeýlelikde, 2017-nji ýylda Türkmen döwletiniň taryhynda ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirdik.

Biz welosiped sportuny ösdürmäge hem uly üns berýäris. Ýurdumyzda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň başynda bolsa biz «Amul — Hazar 2018» atly welosiped ýaryşyna hem badalga berdik.

Geçirilýän bu çäreler ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sporta höwesini has-da artdyrýar. Adamlaryň saglygyny berkitmekde, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Biziň Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi hem muny doly tassyklaýar. Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan bu çözgüdi dünýäniň 56 döwleti dörediji hökmünde çykyş etdi. Biz muňa buýsanmaga haklydyrys.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 73-nji mejlisiniň gün tertibine «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky» bölümi girizmek barada çözgüt kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe şu çözgüdi kabul etmeginiň hem uly manysy bardyr.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Men sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu möhüm çözgütleri kabul etmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty ösdürmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde hem ähli tagallalary eder.

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...