Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy hem bar. Bu taslamany özleşdirmek işlerini tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan, 2025-nji ýylyň 30-njy apreli aralygynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň taslamadaky esasy maksady öňdebaryjy halkara tejribelerini ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kanunçylygy bilen baglanyşdyryp, degişli okuw çärelerini guramak arkaly saýlaw işindäki özgertmeleri goldamakdan we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.
Taslamada bellenilen şu aşakdaky ugurlar boýunça halkara bilermenleriniň ýurdumyza gelip, okuw-maslahatlaryny geçirmeklerini öz içine alýar:
- Maglumatlary jyns alamaty boýunça bölmek bilen, halkara öňdebaryjy deňeşdirme tejribäni hasaba almak bilen Saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmek üçin strategiýalary işläp taýýarlamakda goldaw bermek;
- Gender çemeleşmäni hasaba alyp, BRIDGE formatynda degişli ugurlar boýunça okuwlary geçirmek arkaly saýlaw toparlaryň agzalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;
- Zenanlaryň syýasy gatnaşygyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny öňe sürmek, şol sanda milli saýlaw kanunçylygyna zenanlar üçin wagtlaýyn ýörite çäreleri (WÝÇ) girizmek arkaly olaryň syýasy gatnaşygyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny öňe sürmek.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda ençeme ýyl bäri saýlaw ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy dowam edýär. Munuň şeýledigine, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen şular ýaly okuw-maslahatlarynyň 2008-2012-nji we 2013-2014-nji ýyllarda hem guramaçylykly geçirilendigi şaýatlyk edýär.
In accordance with the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026, elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps in Turkmenistan – the Altyn Asyr etrap of t...
In accordance with articles 4, 85 and 87 of the Electoral Code of Turkmenistan, the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026 determined: To hold elections of members of the Ha...
On June 28, 2025, the Law of Turkmenistan «On the Unified State Register of Voters» was adopted. The law entered into force on January 1, 2026. Thus, this law, which entered into force on January 1...
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...